Türkmen kikboksçylary Oýunlaryň taryhynda yz goýdylar

Dört sany türkmen kikboksçysy altyn medallaryň mynasyp eýeleri bolmak bilen 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň taryhynda yz goýdylar. 

Olar Taýboks we kikboksing arenasynda 23-26-njy sentýabr aralygynda, ýagny şenbe gününden sişenbe gününe çenli, kikboksing boýunça geçirilen tutluşyklarda ýeňiji bolmagy başardylar.

Türkmenistanly pälwanlar Merdan Mämmedow (kik-laýt -69kg), Muhammet Altybaýew (lou-kik -63,5kg), H. Geldimämmedow (kik-laýt -74kg) hem-de Goçmyrat Jumanyýazow (lou-kik -71kg) ýeňiş gazanan türgenlerdir. 

Türgen Mämmedow erkekleriň arasynda -69 kg agyrlyk derejesinde hepdäniň duşenbe güni, ýagny 26-njy sentýabrda geçirilen kik-laýt dissiplinasynda ýakyn dosty hem-de ildeşi bolan Sanzarbek Sapaýewden üstün çykdy.  

Bu babatda Mämmedow: “Ozal gazanan medallarymyň ählisi bir ýana, şu medalymyň ýeke özi bir ýanadyr. Çünki, bu medaly men öz Watanymda gazandym” diýip, tolgunma bilen gürrüň berdi. 

Sapaýew bolsa: “Men tutluşykdan soňra bedenimiň ýüz bölegini asla duýamok diýerliklidir. Hatda ýylgyrsam-da ýüzüm agyrýar. Şeýle bolsa-da, men dostumyň altyn medala, özümiň hem kümüş medala mynasyp bolandygyma örän begenýärin” diýip, dosty bilen geçiren tutluşygynyň netijesi barada gürrüň berdi.  

Kikboksing boýunça eýranly türgenler jemi 5 altyn medaly gazanyp, sanawyň ýokarsynda durýandygyna garamazdan, Türkmenistan döwletinden bolan türgenler kikboksing boýunça ýaryşlarda jemi 14 medaly almagy başardy.  

Kikboksing boýunça erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda geçirilýän ýaryşlaryň 11 derejesinde jemi 15 sany altyn medal goýuldy. Türkmenistanly hem-de eýranly türgenleriň öňde baryjy kikboksçylarynyň altyn medallaryň aglabasyny gazanmagy bilen birlikde, galan 6 sany altyn medal Gazagystanyň (2 altyn medal), Täjigistanyň, Hytaýyň we Gyrgyzystanyň (hersi 1 altyn medal) paýyna düşdi.