Aşgabat 2017-niň Ýapylyş dabarasynda AOG-yň Prezidenti Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen iň gowy Aziýa oýunlaryň bolandygyny aýtdy

Türkmenistanyň Prezidenti onuň Alyhezretleri Gurbanguly Berdimuhamedow hepdäniň çarşenbe güni agşam geçirilen Ýapylyş dabarasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny dabaraly ýagdaýda ýapyk diýip yglan etdi. 

2010-njy ýylda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi (AOG) tarapyndan Aşgabat şäherinde geçirmek ygtyýary berlen bu ajaýyp Oýunlaryň sentýabr aýynyň 17-sinde Açylyş dabarasy şowhunly geçirildi. Bu Oýunlara 65 wekilýetden 6000 türgen we toparlaryň resmi wekilleri gatnaşdy. 65 wekilýetleriň 45-si Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine degişli, 19-sy bolsa Okeaniýa ýurtlarynyň wekilýetleri hem-de Afrikanyň bosgun toparlaryndan ybarat. 
 
21 sport görnüşi boýunça ýaryşlaryň geçirilen 15 sport desgasynyň 13-si Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde ýerleşdirilendir. Şeýle-de, Olimpiýa şäherjiginde ýerleşýän hem-de sygymlylygy 45000 tomaşaça niýetlenen Aşgabat Olimpiýa stadionynda Açylyş we Ýapylyş dabaralary geçirildi. 
 
Aşgabat 2017-niň Ýapylyş dabarasy türgenleriň ýörişi bilen başlandy. Soňra AOG-yň Prezidenti Şeýh Ahmad Al Fahad Al Sabah tomaşaçylara ýüzlenme bilen çykyş etdi. 

Ol öz sözünde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalary we gündelik aladalary bolmadyk bolsa, onda Oýunlary şeýle üstünlikli amala aşyrmak mümkin bolmajakdygyny aýtdy. 

“Geçen ýolumyz ählimiz üçin ýatdan çykmajak pursatlardan doly boldy. Öz ýurduňyza hem-de paýtagtyňyz Aşgabada çagyrandygyňyz üçin size köp minnetdarlyk bildirýäris. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda iň gowy Oýunlary geçirendigiňiz bilen men sizi tüýs ýüregimden gutlaýaryn!” diýip, AOG-yň Prezidenti belledi.

Soňra ol: “Bu gün Oýunlaryň soňy gelip ýetdi. Emma bu biziň dostlugymyzyň hem-de hyzmatdaşlygymyzyň soňy däldir. Aşgabat ýeneki günlerde duşuşýançak! Biz Aşgabady söýýäris!” diýen wagty ähli tomaşaçylar ör turup, el çarpyşdylar. 
 
Şeýh Ahmad desgalaryň döwrebap we dünýä derejesinde gurlandygyny we Aşgabadyň geljekde has-da uly göwrümli sport çärelerini geçirmäge ukyply şäherdigini belledi.

“Oýunlar örän üstünlikli geçdi. Biz täsin şäherde täsirli oýunlara syn etdik. Biz öz Watanymyza şeýle ýakymly ýatlamalar bilen dolanýarys” diýip, AOG-yň Prezidenti öz çykyşynda aýtdy. 
 
Şeýle-de, Şeýh Ahmad sary lybasly meýletinçileriň 8000 sanysyna beren ýardamy üçin uly minnetdarlygyny bildirdi.” Meýletinçileriň gülerýüzlüligi Oýunlaryň, şäheriň hem-de tutuş Türkmenistan ýurdunyň myhmansöýerligini görkezdi” diýip, AOG-yň Prezidenti sözüniň üstüni ýetirdi. 
 
Soňra bolsa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Oýunlary ýapyk diýip yglan etdi hem-de stadionyň ýokarsyndan bakyp duran ägirt uly atyň heýkelinde ýerleşdirilen ojakdaky alaw haýallyk bilen söndürildi. 
 
Dabaranyň galan bölegi gysga medeni çykyşlaryň görkezilmegi bilen geçdi. Soňra bolsa, stadion ägirt uly konsert zalyna öwrülip, onda Türkmenistandan, Özbegistandan, Liwandan hem-de Türkiýeden gelen meşhur aýdymçylar aýdym aýtdylar. “Love Me Again” aýdymy bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazanan Britaniýanyň meşhur aýdymçysy Jon Nýumanyň çykyşy has-da täsirli boldy hem-de tomaşaçylaryň ýadyndan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi.  
 
Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Şeýh Ahmad bilen birlikde VIP münberinden tomaşaçylara ellerini galgatmagy hem-de ajaýyp feýerwerkleriň asmana atylmagy bilen Ýapylyş dabarasy şowhunly ýagdaýda tamamlandy.