On iki günläp dowam eden ajaýyp sport çäreleri

12 günläp dowam eden täsirli sport ýaryşlaryndan soňra Aşgabat 2017-niň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 27-nji sentýabr güni tamamlandy. 15 sany ýaryş geçirilýän desgada sportuň 21 görnüşi boýunça geçirilen ýaryşlar Türkmenistanyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylar. Çünki, 17-27-nji sentýabr aralygynda Aşgabat şäherinde deňi-taýy bolmadyk sport çäresi geçirilip, ol Aziýanyň, Okeaniýanyň we ondan-da uzakdaky ýurtlara göni ýaýlymda görkezildi. 

Müňlerçe myhmanlar Aşgabat şäheriniň dürli öwüşginli Olimpiýa şäherjiginde ýokary ülňülere laýyk gelýän sport çärelerine şaýat boldular. Sportuň 21 görnüşi boýunça, şol sanda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçirilen göreş sporty, futzal ýaryşlary, 3x3 basketbol, atly sport (konkur), tennis, jiu-jitsu, kuraş, sambo we beýleki sport ýaryşlarynda ençeme medallar gazanyldy, goýlan täze rekordlar dünýäni haýrana galdyrdy hem-de dostlukly aragatnaşyklar ýola goýuldy. 
 
Medallaryň sanawynda Türkmenistan döwleti Oýunlaryň başlan gününden tä tamamlanýança birinjilikde boldy. Türkmen türgenleri Oýunlaryň ilkinji günlerinde ençeme medallary gazanmagyň hötdesinden geldiler we 89 altyn medaly gazandylar. Şolaryň 39-sy guşakly göreş sporty, 23-si türkmen milli göreşi boýunçadyr. Jemi medallaryň sany bolsa, Oýunlaryň ahyrynda 245-e deň boldy.  

Başda öz ukyplaryny doly görkezmedik hytaýly türgenler, Oýunlaryň dowamynda güýjüni jemläp, jemi 42 altyn medaly gazanmagy başardy. Aýratyn-da, gysga aralyga ýüzmek, tans sporty, agyr atletika hem-de bilýard sportlary boýunça hytaýly türgenler has-da tapawutlandy. 

Eýran medallaryň sanawynda üçünji orunda durýar. Bu ýurtdan gelen türgenler jemi 36 altyn medalyň eýesi boldular. Olaryň güýçli taraplary sport göreşi, taekwondo hem-de erkekleriň arasynda futzal ýaryşlary bolup çykdy. 

Eýranly agyr atletikaçy Sohrab Moradi Oýunlaryň iň ýatdan çykmajak pursatlaryny tomaşaçylara sowgat berdi. Moradi erkekleriň arasynda 94 kg agyrlyk derejesinde göteren agramy boýunça täze dünýä rekordyny goýmagy başardy. 

2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiýa çempiony Olga Rypakowa tarapyndan baştutanlyk edilen gazak türgenleriniň topary ýeňil atletika sport ugrunda ýeňiş gazanmagy başardy. Ýeňil atletika boýunça geçirilen ýaryşlaryň 3 gününiň dowamynda, olar jemi 6 sany altyn medaly gazanmagy başardylar.

Rypakowa ilki bilen uzaklyga bökmek boýunça ýeňiji boldy, soňra bolsa üçürdikläp bökmek sport görnüşinde altyn medaly gazanmagy başardy. Gazagystan medallaryň sanawynda dördünji orunda durýar we bu ýurduň türgenleri jemi 28 sany altyn medaly öz Watanyna äkitdiler. 

Orta Aziýa ýurtlaryndan gelen türgenler öňki SSSR ýurtlarynda meşhur sport ugry bolan samboda öz rüstemligini görkezdi. Sambo boýunça geçirilen ýaryşlarynyň ýedisiniň ýeňijileri-de Orta Aziýada doglan türgenler boldy. 

Özbegistanly türgenler öz ukyplaryny kuraş sportunda doly görkezmegi başardylar. Özbek türgenleri Kuraş boýunça ýaryşlarda jemi 7 medalyň eýesi bolmagy başardy. 

Taýland bolsa öz Watanynda gelip çykan taý boksy boýunça ýaryşlarda başarnyklaryny görkezdi. Desgalarda bolan taýlandyň halk sazandalary tutluşyklaryň dowamynda üýtgeşik öwüşgin berdiler. Belki-de şu sebäpden, Taýlandyň iň ökde taýboksçylary 7 derejede hem ýeňiji bolmagy başarandylar. 

Koreýadan gelen türgenler bowling, suwda ýüzmek hem-de taekwondo boýunça sport ýaryşlarynda öňdebaryjy orunlary eýeledi. Tans sport arenasynda geçirilen ýaryşda bolsa, tansyň jaýw, rumba we ça-ça-ça görnüşlerinde üç sany altyn medaly gazanyp, üstünlikli çykyş etdiler. 
  
Wýetnamly Le Kuang Liýem küşt arenasynda ýeňşi birkemsiz gazanmagy başardy. Onuň täsin strategiýa ukyplary hem-de ünsi erkekleriň arasynda şahsy görnüşde altyn medalyň eýesi bolmagyna getirdi. Şeýle-de, zehinli küştçi toparlaýyn ýaryşlarda öz toparyna iki sany altyn medaly gazanmakda hem öz goşandyny goşdy.

Welotrek sport binasynda gonkongly topar ajaýyp çykyş görkezdiler. Zenan türgen Li Wai Sze bolsa, köp tomaşaçylary ruhlandyran türgen boldy. Li zenanlaryň arasynda keirin hem-de sprint görnüşleriniň ýeňijisi boldy. Soňra bolsa zenanlaryň arasynda toparlaýyn sprint ýaryşynda topary üçin altyn medaly gazanmaga ýardam berdi. 

Hindistandan gelen türgenler Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda öz başarnyklaryny has-da gowy görkezmegi başardy. Hindi türgenleri erkekleriň arasynda 1500 m, 3000 m hem-de üçürdikläp bökmek sport görnüşlerinde, zenanlaryň arasynda bolsa pentatlon hem-de 1500m aralykda ylgamak sport görnüşlerinde altyn medallary gazandylar.

Hindi türgenleri Tennis toplumynda geçirilen ýaryşlarda medal gazanmagyny dowam etdirdi. Hindistanly Sumit Nagal tennisiň ýekebara görnüşi boýunça altyn medaly almagy başardy. Şeýle-de ol erkekleriň arasynda garyşyk görnüşi boýunça altyn medalyň eýesi boldy. Taýland garyşyk jübütler hem-de zenanlaryň arasynda jübütleýin final ýaryşyndan Hindistandan üstün çykyp, tomaşaçylary hem-de eminleri geň galdyrdy. Indoneziýaly Beatris Gumulýa zenanlaryň arasynda geçirilen çempionatyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. 

Kataryň 3x3 basketboly boýunça toparynyň altyn medal gazanmagyna garaşylýardy. Katarly türgenler tomaşaçylaryň tamasyny ödediler hem-de birinji orny eýelediler. Taýlandly türgenleriň zenanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda üstün çykmagy bolsa garaşylmadyk ýeňişleriň biri boldy. 

Taýlandly türgenler gatnaşan 5 ýaryşlarynyň ählisinde ýeňiji boldular. Taýdlandyň basketbol boýunça zenanlar ýygyndy topary ýarym final ýaryşynda ukyply türkmen türgenlerinden, final ýaryşynda bolsa özbegistanly türgenlerden üstün çykdylar. 

Atçylyk sport toplumynda katarly Hamad Ali Al Attiýah atly sportuň şahsy görnüşinde altyn medaly gazanmagy başardy. Saud Arabystanyň türgenleri sportuň toparlaýyn görnüşinde altyn medalyň, Türkmenistanyň adyndan ýaryşan Nikolaý Beglarýan bolsa Ahal teke kubogynyň mynasyp eýesi boldy. 

Uly göwrümli sport çäresiniň wajyp pursatlarynyň biri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek elektron sporty boýunça görkezme ýaryşlarynyň geçirilmegidir.  

On sany Milli Olimpiýa komitetlerinden gelen jemi 56 sany ýaryşyjy “The King of Fighters”, “Starcraft II”, “Hearthstone” hem-de “Dota2” oýunlary boýunça ýaryşarlar. Bu elektron oýunlaryň görnüşleri boýunça ýaryşlar Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň geçiren sport çäresinde ozal geçirilipdi. 

Oýunlara gatnaşan bosgun topary Açylyş dabarasynda hem-de Ýapyk bina ýeňil atletika toplumynda tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.

Bosgun toparynyň türgeni Ýeiç Pur Biýel erkekleriň arasynda 800 m aralykda ylgamak ýaryşynyň ýarym finalyna çykdy. Ol Oýunlar barada şeýle gürrüň berdi: “2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda geçirilen Olimpiýa oýunlaryndan soňra gatnaşan uly göwrümli sport çärämiň ikinjisi bolup Aşgabat 2017 oýunlary gelýär. Rionyň hem-de Aşgabadyň sport çärelerine gatnaşmagym maňa bosgun hökmünde hem şu dünýäde üstünliklere ýetip biljekdigimi öwretdi”.

Ýekebara ýaryş görnüşlerinde iň köp altyn gazanan hytaýly suwda ýüzüji Sun Meiçen hasaplandy. Ol Watanyna jemi 4 sany altyn, hem-de 3 sany kümüş medal bilen dolanýar. 

Türkmenistan ýurdunyň “altyn medalçy ýigidi” adyny bolsa Seýdi Batyrowa berip bilýäris. Ol jemi 6 sany altyn medal gazanmagy başardy. Olaryň 4-si guşakly göreş, 2-si bolsa türkmen milli göreşi boýunça berildi.