Ýurdumyzda guruljak ilkinji Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly boýunça gatnaw 2020-nji ýylyň sentýabrynda başlanar
Aşgabat-Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly “Polimeks Insaat Taahhut we Sanayi Ticaret A.S.” kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Türk gurluşykçylary Aşgabat-Daşoguz awtoýolunyň 24-nji kilometrinde demir ýol köprüsini we köprüleriň üsti bilen awtobanyň nolunjy kilometrini häzirki bar bolan gara ýol bilen birikdirjek ýorunja ýapragy şekilindäki aýlawy bina ederler. Geologo-geodeziki işler tamamlanandan soňra, topragyň gazylmagy we gara ýoluň tekizlenmegi dowam etdiriler.
Taslamanyň utgaşdyryjysy geljekki awtomagistralyň diňe ýokary tizlikli awtoulag gatnawyna niýetlenendigini belleýär. Ýokary tizlikli gara ýoluň ugrunda 60-a golaý ululy kiçili dürli derejeli estakadalar (aýlawly geçelgeler) we 70-den gowrak ýerasty geçelgeler, zeýkeş suwlarynyň we Garagum derýasynyň üstünden geçýän köpriler gurular.
Şeýle-de, awtobanyň ugrunda bu ýokary tizlikli awtoulag ýoluny Gökdepe, Arçman sagaldyş merkezi, Serdar, Bereket, Balkanabat şäherleri, Belek we Ýangaja şäherçeleri bilen birleşdirjek 9 sany turbo görnüşli konfigurasiýaly gara ýol aýlawlary bina ediler. Balkan welaýatynyň Ýangaja şäherçesiniň üsti bilen geçýän geçelge arkaly täze gurulýan deňiz portuna barmak bolýar. Bu bolsa, öz gezeginde, logistiki hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder. Mundan başga-da, Türkmenbaşy şäheriniň howa menziliniň golaýynda gurulýan halka şekilli aýlawdan geçenden soňra sürüjiler öz ugruny awtobandan şäheriň merkezine tarap barýan gara ýola üýtgedip bilerler.
Türkmenistan üçin bu awtoban bu kysymly taslamalaryň ilkinjisi we ýurt boýunça häzirki wagtda deňi-taýy bolmadyk ýol gurluşyk desgasydyr. Ýük göterijilik ukubyny artdyrmak üçin, birinji derejeli gara ýol örtükli täze awtomobil magistralynyň gurluşygynda köpgatlakly ýer örtüklerini we döwrebap materiallar bolan ýokary hilli asfaltbetondan, sintetiki dokumadan, geogözeneklerden, torlardan we awtoýoluň gurluşyk gatlaklarynyň berkligini artdyrýan beýleki materiallardan durýan ýol örtügini ulanmak göz öňüne tutulýar.
“Polimeks” kompaniýasynyň taslamasy boýunça tutuş gara ýol dünýä ülňülerine laýyklykda enjamlaşdyrylar. Awtoýola giriş we çykyş geçelgelerinde ýol tölegi üçin nokatlar ýerleşdiriler. Nagt pul ýa-da plastik kardlaryň üsti bilen tölemek arkaly sürüjiler sagadyna 130 km tizlik bilen hereket etmäge mümkinçilik gazanarlar. Tölegi amala aşyrmagyň kiçi punktlary beýleki ilatly ýerlerden awtobana geçilýän geçelgeleriň ugurlarynda ýerleşdiriler. Şeýle-de, bu ýerlerde kamera gözegçiligi bilen üpjün edilen polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, tehniki kömek nokatlary we ýol hyzmatlarynyň gulluklary dörediler.
Her 50 kilometrden soňra awtobanyň her tarapynda sürüjiler we ýolagçylar üçin duralgalary we dynç alyş merkezlerini,
awtobanyň 201-nji we 420 kilometrlerinde bolsa söwda merkezleri, restoranlary, myhmanhanalary, açyk we ýapyk görnüşli awtoduralgalary, ýangyç guýuş merkezleri we beýleki desgalary bolan dynç alyş zolaklaryny görmek bolýar.
Awtobanyň uzaboýuna ýolagçylara howa şertleri, ýol örtüginiň ýagdaýy we degişli çäkdäki hereketiň tizligi barada habar berýän maglumat tablolary ýerleşdiriler. Her 2 kilometrden bolsa ýük göteriji ulaglary, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyny, ýol hyzmatlary gullugyny çagyrmaga üçin telefon enjamlary berkidilendir.
Aşgabat-Türkmenbaşy awtobanynyň işe girizilmegi logistiki hyzmatlaryň hilini, halkara ulag-tranzit infratrukturasyny ýokarlandyrmaga, goňşy ýurtlar bilen söwda dolanyşygyny, Türkmenbaşy halkara portunyň mümkinçiliklerini göz öňüüne tutup, harytlaryň importunyň we eksportunyň möçberini artdyrmaga giň ýol açar.
Buýrujy tarap bolan Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň wekiliniň belleýşi ýaly Aşgabat-Türkmenbaşy awtobany 2020-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga beriler.