TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ABU-DABINIŇ MIRASDÜŞER ŞAZADASYNYŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy bilen gutladylar hem-de iki ýurduň dostlukly halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň özara düşünişmegiň ýokary derejesine eýe bolup, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda sazlaşykly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda birek-birege hormat goýmak we goldaw bermek ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmeginiň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ozal gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek, şol sanda daşary syýasat edaralary ulgamyndaky gatnaşyklar, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem anyk netijä esaslanýan gatnaşyklaryň täze görnüşlerini işläp taýýarlamak bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy sebitleýin we ählumumy meseleler boýunça pikir alyşdylar. Şunlukda, halkara ykdysady gatnaşyklaryna oňaýsyz täsiri bolan we adamzada täze wehim salýan koronawirus ýokanjy bilen baglanyşykly meselelere deglip geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, BAE-niň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýan döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ynanyşmak, açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler we birek-birege berk jan saglyk, asylly başlangyçlarda uly üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.