Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Halkara maslahaty geçirildi.

Halkara maslahatyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda şu ýyl Türkmenistan özüniň häzirki taryhynda möhüm senäniň - BMG tarapyndan wekilçilik edilýän halkara jemgyýetçiliginde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň berkidilmeginiň 25 ýyllygyny belläp geçýär. Çärýek asyryň dowamynda Bitaraplyk Türkmenistanyň döwletliliginiň, içeri we daşary syýasatynyň esaslaryndan biri boldy. Bitaraplyk ýörelgeleri, onuň gymmatlyklary we dünýägaraýşy Türkmenistanyň milli bähbitlerine, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we wezipelerine doly laýyk gelýändigini subut etdi. 2017-nji ýylyň fewral aýynda köp sanly agza döwletleriň awtordaş bolmaklarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan edildi.

“Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris.” – diýip Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti aýdyň belläp geçdi.

Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleri, Malaýziýada akkreditlenen Ilçiler, diplomatlar, Malaýziýanyň Strategiki we halkara barlaglar institutynyň dolandyryş müdiri we ýerli işewür adamlar gatnaşdy. Halkara maslahatynda çykyş eden Owganystanyň, Müsüriň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Özbegistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri türkmen halkyny we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentini bu möhüm sene bilen tüýs ýürekden gutladylar. Şeýle hem,  Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýetini we oňyn roluny belläp geçdiler. Ilçiler birek-birege hormat goýmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan döwletara gepleşikleriň ýokary derejesini nygtadylar.