«MERKEZI AZIÝA – ÝEWROPA BILELEŞIGI» FORMATYNDAKY MINISTRLER DEREJESINDÄKI DUŞUŞYGYŇ BILELIKDÄKI BEÝANNAMASYNDA HALKARA MESELERINIŇ ÇÖZGÜNDINDE BITARAPLYK ÝÖRELGELERINIŇ ULANYLMAGY BOÝUNÇA BAŞLANGYÇLAR AÝRATYN AGZALDY

«Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky Ministrler derejesindäki 16-njy duşuşygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada Türkmenistanyň parahatçylygy döredijilik işlerinde we halkara gatnaşyklarynda ylalaşykly çözgütlere ýetmekde Bitaraplyk syýasatynyň ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bent arkaly agzalyp geçildi.

Hususan-da Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň dünýä derejesinde ykrar edilmeginiň 25 ýyllygynyň şanyna «Bitaraplyk syýasaty we onuň halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» atly halkara maslahatynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyny goldadylar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň teklibiniň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň hormatyna 2021-nji ýylda ýokary derejeli Forumy geçirmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy hem goldaw tapdy.    

Ministrler derejesindäki duşuşyga gatnaşyjylar, BMG-niň meýdançasynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegini goldadylar, çünki onuň agzalarynyň arasynda Merkezi Aziýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň birnäçe ýurtlary hem bardyr.