TÜRKMEN-MALAÝ “TEGELEK STOL” MASLAHATY
2020-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ykdysady, söwda gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ony döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürmek maksady bilen göni wideo aragatnaşyk arkaly Türkmen-Malaý “Tegelek stol” maslahaty geçirildi.
“Tegelek stol” maslahatyna, Malaý tarapyndan Malaýziýadan Halkara Söwda we Senagat ministrliginiň, Malaýziýanyň Daşary Söwda ösüşi Korporasiýasynyň (MATRADE), Malaýziýanyň Milli Söwda-senagat edarasynyň, Malaý Söwda edarasynyň, Malaý halkara Söwda we senagat edarasynyň, Malaýziýanyň önüm öndürijileriniň Federasiýasynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, Türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle-de Türkmenistanyň Senagat we Binagärlik önümçiligi, Dokma senagaty, Maliýe we ykdysadyýet, Oba-hojalyk we daşky gurşawy goramak, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleriniň, “Türkmengaz”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň wekilleri, Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi we hususy telekeçiler gatnaşdy.
“Tegelek stol” maslahatyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri, iki ýurduň arasyndaky Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça geçirmeli işler, işewürler toparlarynyň we döwlet kompaniýalarynyň hemişelik dialogyny üpjün etmek, işleri işjeňleşdirmegiň möhümdigi barada meseleleri agzap geçdi. Şeýle hem, iki ýurduň Liderleriniň döwletara gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ägirt uly goldaw berýändigini belläp geçdi.
Maslahata gatnaşyjylar birek-birege minnetdarlyk bildirip, gepleşikleriň netijeliligini, şeýle hem özara bähbitli söwda we ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny tassykladylar.