TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “TÜRKMENISTAN – MÜMKINÇILIKLERIŇ ÝURDY” ATLY SERGISI GEÇIRILDI

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy hem-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy” atly Sergisi gurnalyp geçirildi.

Sergini Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle-de 2020-nji ýylyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanda halkara we ýurt derejesinde dürli çäreleriň geçirilýändigi hem-de ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine uly guwanç bilen seredilýändigi barada aýtdy. Şeýle hem, serginiň açylyş dabarasynda Päkistan Yslam Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, Iordan Haşemit Patyşalygynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Ilçileriniň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň halkyna we hormatly Prezidentimiziň adyna wideo gutlaglary ýazgy edildi.

Sergä Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, bu ýurtda ýerleşýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary, bu ýurduň Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri hem-de beýleki daşary ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Sergide Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ýeten belent sepgitlerini görkezýän, baý taryhyny beýan edýän, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän foto suratlar hem ýerleşdirildi. Çäräniň dowamynda Türkmenistan Watanymyz, Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli hem-de türkmen milli lybaslary barada görkezilen wideoşekiller hem-de Türkmenistanyň milli medeniýetine, Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryna bagyşlanyp gurnalan sergi, şeýle-de türkmen kompozitorlarynyň sazlary we türkmen aýdymlary çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.