img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany

photo

Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň gurnamagynda "Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany" şygary bilen bellenilýän ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistan baradaky wideorolikler Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň merkezi köçesi bolan Jalan Ampang köçesiniň ugrundaky monitorlarynda ýerleşdirildi we 2020-nji ýylyň 7-13-nji dekabry aralygynda ýaýbaňlandyrylýar. Wideorolikler ýerli wagt bilen irden sagat 07:00-dan gije sagat 02:00-a çenli yzy üzülmän görkeziler. Mahabat berijiniň statistikasyna görä, bir aýda bu köçäniň ugrunda bir milliona golaý awtoulaglar geçýär.