TÜRKMENISTAN BILEN ABŞ-NYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER BAŞLANDY

Şu gün, 2020-nji ýylyň 15-nji dekabrynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň daşary syýasy edaralarynyň arasynda üç günlük syýasy geňeşmeler göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly başlandy.

Gün tertibi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryndan, hususan-da howpsuzlyk meselelerinden, söwda-ykdysady gatnaşyklaryndan we ynsanperwer hyzmatdaşlygyndan ybarat.

Mejlisi açmak bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow türkmen-amerikan gatnaşyklaryny suratlandyrdy hem-de olaryň oňyn ösüş depginine eýedigini nygtady. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hökümetiň soňky ýygnagynda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arsyndaky gatnaşyklara ýokary baha berip, “ABŞ Türkmenistanyň möhüm söwda-ykdysady we daşary-syýasy hyzmatdaşlaryndan biri bolup, bu ýurt bilen sebit howpsuzlygyny, möhüm howplara hem-de wehimlere garşy göreşmek meselelerinde we ençeme beýleki ugurlar boýunça hyzmdatdaşlyk edýäris” diýip belledi.

Syýasy geňeşmeleriň ilkinji gününde howpsuzlyk ugry boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara hereketleriň netijelerine garadylar hem-de geljek üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Türkmenistanyň öz bitaraplyk derejesine esaslanyp howpsuzlygyň bitewülik ýörelgesine eýerýändigi nygtaldy. Türkmenistan Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlygy üpjün etmek boýunça başlangyçlary, ilki bilen BMG-niň çarçuwasynda öňe sürdi.

Serhetleri goramak we neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy bilen göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň öňüni almak boýunça halkara-hukuk namalarynyň ählisine diýen ýaly gatnaşýar. Şeýle-de Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar üçin BMG-niň neşe serişdeleri boýunça Komissiýasynyň agzasy bolup durýar.

Taraplar sebitleýin we halkara howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä boýunça ösýän terrorçylyk howpuny bellediler.

Owganystanda parahatçylygy gurmak meselelerine aýratyn üns berildi. Owganystan Hökümetiniň we degişli taraplaryň arasynda parahatçylykly gepleşikleriň ýola goýulmagy üçin ýurduň özüniň syýasy giňişligini üpjün etmek baradaky Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda “Merkezi Aziýa+ABS” hem-de “Türkmenstan-ABŞ- Owganystan” ýaly hyzmatdaşlyk formatlarynyň netijeliligi agzaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplaryň iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň arasynda özara hereketleri berkitmek ýaly ýollar arkaly howpsuzlygy üpjün etmek işinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga bolan ygrarlylyklary beýan edildi.