TÜRKMENISTAN BILEN BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ARASYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ ÇARÇUWALY MAKSATNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA ÝOLBAŞÇY KOMITETIŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça ýolbaşçy komitetiniň birinji mejlisi geçirildi.

Mejlise Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň şeýle hem, 30-dan gowrak ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Duşuşygyň işine BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy, şeýle hem BMG-niň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Mejlisiň açylyşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belledi. Hususan-da, Ministr bilelikdäki tagallalaryň netijesinde şu günki günüň talaplaryna we hyzmatdaşlygyň häsiýetine kybap gelýän, durnukly we progresiw ösüşi üpjün etmek ugrundaky Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky uzakmöhletleýin gyzyklanmalara ýetip boljakdygyny ynam bilen aýtdy. Munuň çäklerinde orta hem-de uzak möhletli meýilnamalaryň we maksatnamalaryň gorunda bilelikdäki ulgamlaýyn işiň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň mart aýynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze çarçuwaly Maksatnamasyna gol çekildi. BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ý.Panowa dabarada çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG bilen giň gerimli strategiki hyzmatdaşlygyň ösüşine berýän aýratyn ünsüni hem-de ygrarlylygyny belledi. Ol diňe bir Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň däl-de, eýsem, bütin dünýäniň adamlarynyň oňaýly ýaşaýşyna gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalaryň we maksatnamalaryň durmuşa geçirilmeginde berýän ýardamlary üçin Türkmenistanyň Hökümetine öz minnetdarlygyny bildirdi.

Bu mejlisde taraplar bar bolan hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny durmuşa geçirmekdäki ýetilen sepgitlere seretdiler. Türkmenistandaky ÝUNISEF-iň, BSG-niň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Ilat gaznasynyň wekilleriniň bilelikdäki işleriň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çykyşlary boldy.

Soňra Çarçuwaly maksatnamany geljek döwür üçin durmuşa geçirmek boýunça pikir alşyldy. Esasy üns ony durmuşa geçirmegiň «Ýol kartasyny» işläp düzmeklige berildi. Gatnaşyjylaryň bu Maksatnamanyň dolandyryş mehanizminiň we durmuşa geçirilmeginiň, ony maliýeleşdirmegiň strategiýasyna, şeýle hem monitoring maksatnamasyna we işiň bahasyna çekildi.

Gatnaşyjylar 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda BMG-niň Ýurt boýunça toparynyň serişdeleri mobilirlemekde Bilelikdäki strategiýalaryna, şeýle hem çarçuwaly Maksatnamany maliýeleşdirmekde hödürnamalary we teklipleri hem-de 2030-njy ýyl üçin milli derejede durnukly ösüşiň Gün tertibini durmuşa geçirmek üçin serişdeleri çekmek meselelere seretmek barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, ýolbaşçy komitetiň birinji mejlisiniň Teswirnamasyna gol çekildi, onda bolsa agzalan Maksatnamany iş ýüzünde amala aşyrmak bilen bagly işler beýan edilýär.