TÜRKMENISTAN WE ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY HYZMATDAŞLYGYŇ ÖSDÜRILMEGINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglu bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarow, şeýle hem Daşary işler ministrliginiň, Merkezi bankynyň, Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň çäklerinde Türkmenistan bilen Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ileri tutulýan ugurlaryna we özarabähbitli gatnaşyklaryň has hem ösdürelmegi bilen bagly meselelere seredilip geçildi. Şeýle hem taraplar bu halkara maliýe institutynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän hem-de häzirki dowam edýän bilelikdäki taslamalary ara alyp maslahatlaşdylar..

Hyzmatdaşlyk ýyllarynyň dowamynda ýurduň hususy eýeçiligi ösdürmek ugrunda, döwlet we hususy edaralaryň maliýe esaslarynyň berkidilmegi ugrunda köp işler amala aşyryldy. Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny mundan beýläk hem goldamaga hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde ýardam etmäge taýýardygy barada bellenildi.