RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARYNYŇ 2020-NJI ÝYL BOÝUNÇA NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň şu ýyl boýunça jemlerine we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly brifingi geçirildi.  

Brifinge sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatnaşdylar. 

Brifingiň dowamynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohin Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklar bilen bagly soraglara jogap berdi. 

Brifingiň ahyrynda Ilçi esasy ugurlar boýunça işewür gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilmegi üçin oňyn şertleri döredýän däbe öwrülen dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlar hökmünde geljekki ösüşine ynam bildirdi hem-de Bitaraplygyň 25 ýyllygy mynasybetli özüne gowşurylan medal üçin Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlygyny bildirdi.