PRESS RELIZ

photo

Durnukly ösüş we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri boýunça Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin guramalarynyň altynjy duşuşygy.

Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetinde Türkmenistanyň başlyklyk etmekliginiň çäginde, 2017-nji ýylyň 13-14 noýabrynda Aşgabat şäherinde Durnukly ösüş we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri boýunça Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň şahamçalarynyň wekilleriniň gatnaşmaklygynda Merkezi Aziýanyň sebitleýin guramalarynyň altynjy duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermekliginde Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezini we  Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan gurnaldy.

Bu duşuşyga 10 sebitleýin hem-de 9 halkara guramalaryndan 50-den gowrak adamlar gatnaşdy, olaryň arasynda Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň we onuň düzümindäki bölümleriň, DÖHK-iň YHM-iň,  DÖDK-iň sekretariatynyň, Aral deňzini halas ediş gaznasynyň YHM-iň, DSUK-iň sekretariatynyň, “Amyderýa” AHSHB-iň we onuň şahamçalarynyň, “Syrderýa” AHSHB-iň Merkezi Aziýanyň daglyk merkeziniň,  Merkezi Aziýanyň gidrologik merkeziniň, Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň wekilleri bar.

Bu duşuşygyň maksady sebitleýin maksatnamalary hem-de prosesleri öňe sürmekde  bilelikde hereket etmekligi utgaşdyrmak we hyzmatdaşlyk etmek üçin durnukly ösüşiň we Merkezi Aziýanyň suw serişdelerini dolandyrmaklyk meseleleri boýunça guramalarynyň tagallalaryny, mümkinçiliklerini we meýilnamalaryny  birikdirmek, şeýle hem sebit guramalaryň her biriniň ADHM-4, DGGHSM ýerine ýetirmekde we daşky gurşaw Merkezi Aziýa üçin meýilnamany öňe sürmekde mümkinçiliklerini ara alyp maslatlaşmakda ybarat.

Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň yerine ýetiriji direktory I. Abdullaýew bu ugurda işleri geçirmek  we sebitleýin guramalaryň meýdançasynyň bilelikdäki hereketleri boýunça öz garaýşy barada çykyş etdi. Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan döredilen we öňe sürülýän bilelikdäki hereketleri boýunça meýdança gyzgylaňly hem-de gyzykly özara pikir alyşmakaryň we çekleşikleriň ýerine öwrüldi. 

Altynjy duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetine  başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşa geçirilişine baha bermeklik boýunça ýörite sessiýa geçirildi. Onda Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy G.Baýjanow çykyş etdi. Ol 2017-nji ýylyň  iýulyndan bäri ýerine ýetirilen işler barada, şeýle hem Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň nobatdaky ýygnagyna taýýarlagyň alnyp barlyşy hakynda aýdyp berdi.

DÖDK-iň sekretariatynyň ýolbaşçysy B.Mämmedow Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak boýunça hereketleriň sebitleýin maksatnamasyny öňe sürmek boýunça işler barada aýdyp berdi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekili M. Akmyradow öz çykyşynda Aşgabatda 2018-nji ýylda Aral deňizini halas etmek boýunça Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň ýolbaşçlarynyň sammitine taýýarlagyň alnyp barlyşy hakynda aýdyp berdi we Merkezi Aziýanyň Suw strategiýasynyň taslamasy hem-de MBG-yň Ýörite maksatnamasyny diňleýjileriň dykgatyna ýetirdi.

Ýurtlaryň hem-de sebitleýin guramalaryň wekilleri olaryň dykgatyna ýetirilen meýilnamalar hakynda pikir alyşmalaryň dowamynda öz garaýyşlaryny aýtdylar, sebitde hyzmatdaşlygyň meseleleri babatda, onuň ösdürilmeginiň we bilelikdäki   maksatnamalary hem-de meýilnamalary durmuşda ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri   babatda maslahatlaşdylar. Halkara guramalaryň wekilleri öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Aral deňzini halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetine başlyklyk etmekliginiň konsepsiýasyny durmuşda ornaşdyrmaga ýardam berjek meýilnamalary belläp geçdiler.

Duşuşyk gyzgylaňly, özara pikir alyşmalar bilen çekeleşikli ýagdaýda geçdi.