«WYŞEGRAD TOPARY – MERKEZI AZIÝA» FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ORUNBASARLARYNYŇ ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Wyşegrad topary – Merkezi Aziýa» formatynda Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşyga şeýle-de Polşanyň, Çehiýanyň, Slowakiýanyň, Wengriýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary hem gatnaşdylar.

Gepleşikleriň çäklerinde diplomatlar MA ýurtlary üçin COVID-19 pandemiýasynyň ykdysady we durmuş netijelerini, şeýle-de ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň ýaly-da, Wyşegrad toparynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň geljegi uly we özara kabul ederlikli ugurlary babatynda pikirler alyşyldy.

Şu nukdaýnazardan, senagat toplumy, ulag, söwda we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk «Wyşegrad topary+MA» dialogynyň çäklerinde türkmen tarapy üçin geljegi uly ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de halkara ulag geçelgeleriniň döredilmegi we olaryň giň mümkinçilikleriniň bu formatyň ýurtlarynyň arasyndaky özara hereketleriň aýratyn ulgamy emele getirip biljekdigi hem bellenilip geçildi. 

Çykyşynyň barşynda W.Hajiýew halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy hökmünde Türkmenistanyň COVID-19 ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly töwekgelçilikleriň ilkinji günlerinden başlap BMG, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen ysnyşykly gatnaşyklary ýola goýandygyny nygtady. Ýurt pandemiýa we onuň netijelerine garşy göreşmekde ylmyň netijeli gurallarynyň giňişleýin ulanylmagy ugrunda çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda rus hem-de daşary ýurtlaryň koronawirus ýokanjyna garşy sanjymlarynyň ençemesi hasaba alyndy we ilatyň köpçülikleýin sanjymy başlandy.

Şeýle-de W.Hajiýew Türkmenistan üçin syýasy-diplomatik özara hereketleriň giňeldilmeginiň, umumy wehimlere garşy göreşiň, energetika, ulag, söwda we maýa goýumlar, daşky gurşaw hem-de suw serişdeleri, adalatlylyk we kanunyň hökmürowanlygy, şol sanda ýaşlara hem-de bilime bilime maýa goýmak ýaly ulgamlaryň ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny belläp geçdi.

Merkezi Aziýada durnuklylygyň we howpsuzlygyň berk üpjün edilmegi derwaýys ugur hökmünde bellenildi, şol sanda halkara terrorçylyk, ekstremizm, neşe serişdeleriniň, ýaraglaryň hem-de maliýe serişdeleriniň bikanun dolanşygy, şol sanda kiber jenaýatçylyk ýaly häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy netrijeli göreş alyp barmakda ähli döwletleriň hem-de halkara guramalarynyň utgaşykly işiniň derwaýyslygy nygtaldy. Maglumat howpsuzlygy ulgamyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň zerurlygy hem aýratyn bellenilip geçildi.