BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASY «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ MERKEZI AZIÝA ÜÇIN ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ORNY» ATLY REZOLÝUSIÝANY BIRAGYZDAN KABUL ETDI

2021-nji ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 59-njy mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Guramanyň agza-döwletleriniň 72-niň awtordaşlygynda «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň orny» atly rezolýusiýa biragyzdan kabul edildi.

Mälim bolşy ýaly, bu başlangyç Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý sessiýasynyň barşynda eden çykyşynda öňe sürüldi.

Giň gerimli işleri alyp barýan özboluşly meýdança bolmak bilen bilen, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça sebitleýin gepleşikleriň ilerldilmegine ähmiýetli goşandyny goşýar. Türkmenisatanyň Hökümetiniň we Merkeziň bilelikdäki hereketleri Merkezi Aziýada parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagy ugrundaky strategiki maksatlaryň gazanylmagyna gönükdirilen bolup durýar.

BMG-niň bu edarasynyň Merkezi Aziýa sebitinde hereket etmeginiň netijeliligi Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň noýabrynda Merkeziň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp kabul edilen BMG-niň BA-nyň degişli rezolýusiýasynda hem bellenilip geçilýär.

Türkmenistan «açyk gapylar» syýasatyny durmuşa geçirmek arkaly hem-de ählumumy ykrar edilen Bitaraplyk syýasatyna hemmetaraplaýyn ygrarly bolmak bilen, iş ýüzünde sebitleýin parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen anyk işleri amala aşyrýar. Bu ugurda, halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň durnukly ösüşiň, parahatçylygyň we abadançylygyň gazanylmagy ugrunda syýasy-diplomatik gurallaryň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagy babatynda ençeme geçek çykyş edendigini hem bellemek zerurdyr.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan sebitleýin integrasiýanyň çuňlaşdyrylmagyna gönükdirilen anyk işleri durmuşa ornaşdyrmak arkaly, 2030-njy ýyla çenli Global Gün tertibiniň hemmetarapalaýyn amala aşyrylmagy üçin mundan beýläk hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan köpugurly işlere işjeň gatnaşmagyny dowam eder.