TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşligiň başynda Prezidentler ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar we iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary hoşniýetli goň­şuçylyk, dostluk hem-de deň­hukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen bellediler.

Taraplar söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýetini nygtadylar. Şunda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy aýdyň mysal hökmünde görkezildi.

“Lapis Lazuli” ulag üstaşyr geçelgesiniň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mohammad Aşraf Gani bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň Merkezi we Günorta Aziýanyň hem-de Ýewropa döwletleriniň arasynda haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmaga ýardam etjekdigini, sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ägirt uly goşant boljakdygyny nygtadylar.

Prezident Mohammad Aşraf Gani owgan halkynyň adyndan türkmen Liderine doganlyk raýdaşlygy hem-de döwletiň durnukly ösmeginde uly goldawy, berýän ykdysady we ynsanperwer kömegi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşler döwletara gatnaşyklaryň dostlugyň we hoşniýetli goň­şuçylygyň iň gowy däpleri, halklaryň hoşmeýilli erk-islegi esasynda ähli ulgamlarda has-da gi­ňeldiljekdigine ynam bildirdiler.