GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ ENERGETIKA WE SENAGAT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK

2021-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Ö.Meredowyň iş sapary bilen Aşgabada gelen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýew bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň ösüşinde ýokary derejedäki saparlaryň ähmiýeti nygtaldy.

Söhbetdeşligiň barşynda söwda-ykdysady gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Energetika we senagat, dokma önümçiligi, azyk söwdasy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça taraplaryň gyzyklanmalary beýan edildi. Taraplar nebitgaz pudagyndaky taslamalaryň geljegi bilen bagly pikir alyşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn özara hereketleriň anyk meselelerini çözmäge gönükdirilen söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.  

Ministrler şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň ähmiýetini bellediler. Ylym we bilim babatda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda gyzyklanmalar beýan edildi.

Şeýle-de şu gün Gyrgyz Respublikasynyň Energetika we senagat ministri K.A.Turdubaýewiň Türkmenistanyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşygy boldy.