TÜRKMENISTANYŇ ÝITI ÝOKANÇ KESELE GARŞY TAÝÝARLYGYNY WE DESSIN ÇÄRELERIŇ GÖRÜLMEGINI ÜPJÜN ETMEGIŇ MEÝILNAMASYNYŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde şu ýylyň 16-njy aprelinde tassyklanan Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. 

Çärä Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Daşary işler ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, ýurdumyzyň beýleki ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda işleýän halkara guramalaryň wekilhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Çäräniň dowamynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri ýokarda agzalan Meýilnama bilen tanyşdyrdylar.

Tanyşdyrylyş dabarada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Ç.Agamyradow, Birleşen Milletler Guramasynyñ Türkmenistandaky wagtlaýyn utgaşdyryjysy, Birleşen Milletler Guramasynyñ Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili K.Weýgand, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso, Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçisiniň işleriniň wagtlaýyn ynanylan wekili K.Şunsuke, Aziýa Ösüş Bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Si Si Ýu we başgalar çykyş etdiler.  

Gatnaşyjylar Meýilnamanyň wezipeleri bilen tanyşdylar we olary durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Çärede çykyş edenler Meýilnamanyň keseliň ýaýramagyna garşy göreş, pandemiýa döwri ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň gidişini saklamak, saglygy goraýyş ulgamynyň COVID-e garşy göreş boýunça maddy-tehniki binýadynyň ýokary derejesini we döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmek, öňdebaryjy halkara tejribäni girizmek ýaly esasy maksatlaryny beýan etdiler. Halkara we sebitleýin hyzmatdaşlar bilen bilelikde ylmy-barlag işiniň güýçlendirilmegine, innowasion çemeleşmeleriň we sanly tehnologiýalaryň amaly taýdan giňden ornaşdyrylmagyna aýratyn üns çekildi.