TÜRKMENISTAN BILEN KONGO RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARY ÝOLA GOÝULDY

2021-nji ýylyň 21-nji maýynda Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Kongo Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Teswirnama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Gol çekmek dabarasynyň öň ýanynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Batyr Niýazliýew Kongo Respublikasynyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Dawid Maduka bilen gepleşikleri geçirdi. Taraplar halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda, bilim, ylym, medeniýet we sport ugurlaryndaky mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.