Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow S.A.Nyýazowy hatyralamagyň çäresine we oňa bagyşlanan muzeýiň açylyşyna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna bagyşlanan çärelere gatnaşdy.

Ir ertir bilen milli Liderimiziň awtoulagy paýtagtymyzyň “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähiniň öňündäki meýdança geldi. Bu ýerde Saparmyrat Nyýazowyň ýadygärligine gül goýuldy.

Bu ýere Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, Aşgabat şäheriniň häkimi, din işgärleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar hem-de köp sanly aşgabatlylar ýygnandylar.

Çärä gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyzy garşyladylar.

Milli Liderimiz S.A.Nyýazowyň belent ýadygärligine tarap ugrady.

Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary netijesinde gadymy milli däp-dessurlarymyz mynasyp dowam etdirilýär. Öten-geçenleri ýatlamak baradaky ynsanperwer ýörelgelerden ugur alyp, biz Watanymyzyň ösmegine, halkymyzyň parahat durmuşynyň esaslarynyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşan ajaýyp şahsyýetleriň ýagty ýadygärligine hormat goýýarys.

Milli Liderimiz ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýýar. Soňra çärä gatnaşyjylar gül desselerini goýýarlar.

Bu çäre Garaşsyzlygyň berkarar edilmegine, özbaşdaklygyň pugtalandyrylmagyna, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmegine uly goşant goşan türkmen milletiniň ajaýyp ogluna halkymyzyň çuňňur hormat goýýandygynyň beýany boldy.

Häzir Saparmyrat Nyýazow tarapyndan başlanan ýol öňküden has uly möçberli maksatlara tarap gönükdirilendir. Şol maksatlary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üstünlikli çözýär. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmek, ilatymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde Türkmenistan gülläp ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly hereket edýär. Ösüşiň häzirki zaman tapgyrynda ýurdumyz dünýäniň depginli ösýän döwletleriniň hatarynda mynasyp orny eýeleýär.

Ýadygärligiň etegindäki mermeriň üstünde goýlan köpsanly gül çemenleri türkmenistanlylaryň ilkinji Prezidenti hatyralap hormat goýýandygynyň nyşanydyr.

Ýadygärlige gül desseleri goýlandan soň, döwlet Baştutanymyz Gypjaga ugrady.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň baky aram tapan ýeri bolan kümmete bardy we merhumy hatyralap, gül dessesini goýdy.

Soňra Mejlisiň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, Milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, köpsanly raýatlar aramgähe gül desselerini goýýarlar.

Milli Liderimiz çärä gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 21-nji dekabrynda Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ýatlama gününiň bellenýändigini, şu mynasybetli sadaka berlip, aýat-töwür okalýandygyny aýtdy.

Saparmyrat Ataýewiç Nyýazow ýurdumyzyň Garaşsyzlyk binýadynyň berkidilmegi ugrunda ähli tagallalary etdi. Ýurdumyz geçiş döwründe onuň parasatly ýolbaşçylygynda parahatçylykly ýol bilen durnukly ösüş ýoluna düşdi. Saparmyrat Türkmenbaşy ýurdumyza köp ýyllaryň dowamynda ýolbaşçylyk etmek bilen, Türkmenistanyň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly alada etdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň alyp baran işleri netijesinde ýurdumyz Bitaraplyk hukuk derejesine eýe boldy, Bitaraplyk ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny berkitmäge, dünýäniň ähli ýurtlary bilen oňyn gatnaşyklary ösdürmäge hem-de Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da artdyrmaga kuwwatly itergi berdi.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň ägirt uly işleriniň halkyň hakydasynda ebedilik galjakdygyny belläp, milli Liderimiz onuň ýagty ýadygärligini hatyralap, açylýan muzeýde S.A.Nyýazowyň geçen zähmet hem-de ömür ýoly barada gürrüň berýän milli gymmatlyklaryň saklanýandygyny, olaryň ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň bitiren işleri barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de hatyra çäresine gatnaşýandyklary üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi.

Soňra bu ýerde Türkmenistanyň müftüsi ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň hatyrasyna aýat okady.

Döwlet Baştutanymyz hökümet agzalary bilen Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň hem-de onuň ýakynlarynyň baky aram tapan ýerine bardy. Bu ýerde hem merhumlaryň hatyrasyna aýat-töwir okaldy.

Döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, ýurdumyzyň ilkinji ýolbaşçysy S.A.Nyýazowyň muzeýine tarap ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ajaýyp döwlet işgäri barada gürrüň berýän maglumatlar bilen tanyşdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän muzeýlerde ýurdumyzyň baý taryhy hem-de türkmen halkymyzyň meşhur şahsyýetleri barada gürrüň berýän gymmatlyklar saklanýar. Olar jemgyýetiň ruhy durmuşynyň merkezi, milletiň ajaýyp gymmatlyklarynyň saklanýan ýeri, iri ylmy merkezler diýlip mynasyp derejede hasaplanylýar. Bu muzeýler taryhy geçmişi öwrenmekde, mirasymyzy gorap saklamakda we artdyrmakda uly orun tutmak bilen birlikde, ilatyň medeni derejesiniň ýokarlanmagyna, onuň ruhy durmuşynyň baýlaşmagyna we dünýägaraýyşynyň giňelmegine, şeýle hem ösüp gelýän nesilleri watançylyk taýdan terbiýelemäge ýardam edýär. Şu gün açylan muzeý ýurdumyzyň ilkinji Prezidentiniň ýolbaşçylyk eden döwrüniň taryhy hem-de onuň işleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.

Milli Liderimiz Saparmyrat Nyýazowyň ýurdumyzyň we halkymyzyň öňündäki ägirt uly hyzmatlaryny belläp, muzeýde toplanan gymmatlyklaryň ähmiýetini nygtady. Bu ýerde saklanylýan gymmatlyklar Türkmenistanyň taryhynyň belli bir döwrüne degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de olaryň geljek nesiller üçin öwrenilmeginiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ýaşlary watançylyk taýdan terbiýelemek işinde ylmy-amaly merkezler hökmünde muzeýleriň tutýan möhüm orny barada aýtdy.

Milli Liderimiz muzeý gymmatlyklary bilen tanşyp, metjide tarap ugrady.

Häzirki döwürde ýurdumyzda taryhymyzy öwrenmek, halkymyzyň maddy we ruhy gymmatlygyny gorap saklamak hem-de dünýäde wagyz etmek boýunça uly möçberli çäreler amala aşyrylýar. Ýaş nesilleri gadymy däp-dessurlara hormat goýmak, asyllylyk, ýokary ahlaklylyk hem-de watançylyk ruhunda terbiýelemekde ýaşulularyň mynasyp ornuny nygtap, hormatly Prezidentimiz bu ugurdaky işleri döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmagyň möhümdigi barada aýtdy.

Soňra Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir okady.

Çäre tamamlanan soň, milli Liderimiz hatyra dessuryna gatnaşandyklary üçin hemmelere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, bu ýerden ugrady.

Şu gün gadymy milli däplere eýerlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gypjak ýaşaýyş toplumynda ýerleşen Türkmenbaşy metjidiniň ýanyndaky sadaka dessurlaryny geçirmek üçin niýetlenen desgada Türkmenistanyň ilkinji Baştutanynyň hatyrasyna sadaka berilip, aýat-töwür okaldy.

“Berlen sadaka, sadakada okalan aýat-dogalar Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun! Goý, türkmen topragynda parahatçylyk we ylalaşyk, abadançylyk we gülläp ösüş baky rowaç alsyn! Kabul bolsun!”