Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Goňşy döwletleriň baştutanlary mähirli salamlaşyp, türkmen we owgan halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýy we geljegi hakynda pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga geçmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde—iri halkara guramalarynyň we abraýly sebit düzümleriniň çäklerinde iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň soňky döwürde çuňlaşýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Bellenilişi ýaly, türkmen we owgan halklary hemişe hoşniýetli goňşuçylygyň we netijeli hyzmatdaşlygyň däbe öwrülen gatnaşyklaryna tüýs ýürekden sarpa goýup geldiler. Onuň oňyn häsiýeti syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat edýär.

Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Baştutany Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentini 2018-nji ýylyň fewral aýynyň ikinji ýarymynda meýilleşdirilen hem-de biziň döwletlerimiziň durmuş we ykdysady bähbitlerine laýyk gelýän dabaraly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Hususan-da, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, şu ugur boýunça optika-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçiriji ulgamynyň düýbüni tutmak, şeýle hem Serhatabat-Turgundy demir ýoluny işe girizmek dabaralary bar.

Prezident Mohammad Aşraf Gani çakylyk hem-de doganlyk kömegi üçin çäksiz hoşallyk bildirip, meýilleşdirilen ähli çärelere gatnaşjakdygyny tassyklady, şunda owgan tarapynyň TOPH taslamasyna we Owganystanyň ykdysadyýetini ösdürmäge hem-de tutuş sebitiň gülläp ösmegine ýardam edýän beýleki düzümleýin taslamalara uly ähmiýet berýändigini aýratyn belledi.

Dostlukly ýurtlaryň baştutanlary söhbetdeşligiň dowamynda halkara ulag-üstaşyr ýollaryny döretmek babatda Türkmenistanyň başyny başlan taslamalaryndan garaşylýan uly durmuş-ykdysady netije bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şunuň bilen baglylykda, Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani 
BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýakynda kabul eden «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Rezolýusiýasynyň aýratyn ähmiýetini belledi, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanyldy.

Milli Liderimiz öz nobatynda ählumumy gün tertibiniň strategik meseleleri boýunça, şol sanda ulag ulgamynda gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmen döwletiniň bu möhüm ugurda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlary dünýä bileleşiginiň goldawyna eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň soňky ýyllarda kabul eden degişli Rezolýusiýalary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatynyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Mohammad Aşraf Gani Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanyň netijeli başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýratyn belledi. Bu başlangyçlar häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňaýly çözgütlerini gözläp tapmakda tagallalaryň birleşdirilmegine gönükdirilendir.

Telefon söhbetdeşligiň ahyrynda doganlyk ýurtlaryň baştutanlary türkmen-owgan gatnaşyklarynyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylygyň iň gowy däplerine, taraplaryň özara erk-islegine daýanyp, geljekde hem ähli ugurlarda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mohammad Aşraf Gani hoşlaşanlarynda, birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen gutlap, iki ýurduň halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.