Şäherleriň kemala gelmegi söwdanyň ösüşi bilen aýrylmaz baglanşyklydyr

Häzirki döwrüň uly ýa kiçi bolsun - tapawudy ýok – islendik şäherinde hökman bazar bardyr. Iň gadymy döwürlerden bäri alyş-çalyş we söwda edilýän ýerleriň töwereginde dünýäde ilkinj şäherler kemala gelipdir. Aziýada-da, Ýewropada-da bazar meýdançalary adamlaryň her gün diňe bir haryt satmak ýa-da almak üçin duşuşýan ýeri bolman, eýsem täzeliklerden habarly bolmaga, pikir alyşmaga, isle tötänleýin, isle-de gurnalýan köpçülikleýin çärelere gatnaşmaga gelinýän ýerleri bolupdyr. Şa jarjylary bazar meýdançasynda döwlet permanlaryny jar etse, söwdagärler geleşik baglaşypdyrlar, gezende artistlerdir ozan-sazandalar halky güýmäpdirler. Başgaça aýdylanda, bazarlar gadymy zamanlarda we orta asyrlarda wajyp jemgyýetçilik merkezleri eken, soňy bilen taryha giren wakalaryň bolup geçýän ýerleri bolupdyr. Emma bazarlaryň başlangyç, arassa ykdysady, has anygy, täjirçilik ähmiýeti olary yzygiderli işläp, damarlara gan iterip, tutuş bedeniň ýaşaýşyny üpjün edýän ýürek bilen deňeşdirse bolar. Diýmek, şäher bazarsyz oňup bilmeýär. 

Dürli döwürlerde şäher „jygyllyklarynyň“ keşbi-de dürli bolupdyr. Biz kerwen ýollary bilen halkara söwdasy amala aşyrylan ellinler döwründäki Gündogar bazarlarynyň nähili bolandygyny bilmeýäris, çünki häzirkizaman ylmynyň ygtyýarynda hiç hili ýazuw we arheologik maglumatlar ýok. Belki, olar belli bir wagtda söwdagärleriň we alyjylaryň ýyganýan oňaýly ýerlerdäki ýönekeý meýdançalar bolandyr. Olaryň ýeňiljek çadyrlardyr kendir saýawanlaryň astynda Günden bukulan bolmaklary-da mümkin. Ýa-da iri şäherlerde ýörüte dükanlar we gatbar-gatbar söwda nokatlary bolandyr. Emma heňňamlar ötüp, olardan nam-nyşan galmandyr. Türkmenistanyň gorag galaly, metjit-medreseli, kerwensaraýly taryhy, saman jaýly we içi howluly, senetçiler ussahanaly şäherleriniň köpüsi bazar bilen baglylykda we bazarlaryň töwereginde kemala gelipdir. Ol diňe bir alyjylaryň isleginiň kanagatlandyrylýan ýeri bolman, eýsem senetçilik önümleriniň ýasalýan ýeri hem bolupdyr. Adaty bazarlar bilen birlikde, aýratyn, ýörüte-harytlaryň aýry-aýry görnüşleri satylýan, mal, gul bazarlary bolupdyr. Meselem, Merwde Beýik Seljuklar zamanynda galladyr tohum, gök-miwe önümleri bazarlary bar eken. Baş metjidiň golaýynda, şäher derwezesiniň gapdalyndaky köne bazarda galla satylypdyr. 

Bazar söwdasyna ýörüte emeldarlar gözegçilik edipdirler, olar teňňeleriň mäheginiň dogrulygyna, agyrlyk we ürgün maddalaryň ölçegine, walýuta gözboýagçylygna ýol bermezlik üçin puluň hümmetine gözegçilik edipdirler. Söwdagärledir senetçiler paç, şeýle hem salgyt töläpdirler. Olaryň möçberidir alynyş düzgünleri belli däl, ýöne ýerli häkimiýetler söwdagärlere girdejisine görä salgyt salnypdyr, ýöne söwdagärleriň girdejisi ýylda 16 müň dinara ýetende hasaba alnypdyr. 

Şeýle hem, seljuklar zamanyndaky söwda paçlarydyr salgytlar barada üzlem-saplam maglumatlar saklanyp galypdyr. Hususan-da, kerwenler şähere girende alnan „taýýarat“ diýlen paç barada ýazgylar saklanyp galypdyr. XII asyrda Seljuklar imperiýasynda et söwdasyny edýänleriň hersi ýylda 50, mata ýa-da mawut satýanlar 500 dinar töläpdir. 

Dehistanyň, Horasanyň we Horezmiň şäher içindäki bazarlary arap geografiýa ýazgylarynda „suk“ we „aswak“, pars çeşmelerinde –„bazar“ diýlip atlandyrylypdyr. Arapça „suk“ sözi söwda edilýän ýeri: bazary we hatar dükanly köçäni aňladypdyr. Has gadymy „çawrusuk“ adalgasy göni terjime edilende „dörttaraplaýyn“ bazar diýmegi aňladyp, soňra „çaharsu“ ýa-da üýtgedilen görnüşde „çarsu“ görnüşde gabat gelipdir. Ýazuw çeşmelerinden Merwde –Soltangalanyň merkezinde, soltan Sanjaryň aramgähiniň golaýyndaky çarsu bellidir. Birnäçe ýyl mundan ozal arheolog Tim Uilýamsyň ýolbaşçylgyndaky türkmen-britan arheologiýa topary tanymal aramgähden ýüz metr daşlykda ýerleşen uly bazar binasynda gazuw-agtaryş işlerine girişdi (2-nji surat). Şäher derwezeleriniň dördüsine eltýän uly ýollaryň ikisiniň çatrygynda ýerleşýän ösen söwda merkezi Orta Aziýanyň uly şäherlerine mahsus ýagdaýdyr. 

Gündogaryň şäherlerinde bazarlary şäheriň esasy köçeleriniň ugrunda ýerleşdirmek däbi gözbaşyny antik eýýamlardan alyp gaýdýar. X asyr arap taryhçylardan „owadan ýapyk bazarlar barada“ ýazgylar galypdyr. Orta asyrlardaky Aziýa şäherleriniň üsti ýapyk bazar köçeleri merkezi çatryklardan şäher derwezeleriniň dördüsine tarap uzap gidipdir, özi hem Daşoguz welaýatyndaky Diýarbekir galasyndaky ХII asyr söwda toplumyndan çen tutsaň, dükanlar böleklere bölünipdir. Şäheriň içinden uzaboýuna geçip gidýän gapdallary dükanly gümmezli ýapyk köçeler teýmirliler zamanynyň ýyl ýazglyranda hem beýan edilipdir. Iňlis syýasahatçysy Entoni Jenkinson 1558-nji ýylda Könürgenje gelende şeýle köçä gabat gelipdir: „Şäherde depesi ýapylan uzyn bir köçe bar, ol bazar hökmünde ulanylýar“-diýip ýazypdyr. Akademik Sergeý Tolstowyň toparynyň arheologlarynyň geçen asyryň ellinji ýyllarynda hut şu köçäni gazyp tapan bolmagam mümkin. Şu köçedäki kerwensaraýyň girelgesi diýlip tanalýan ýeke-täk bina şu günlere çenli saklanyp galypdyr. 2014-nji ýyldan Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we diekltmek boýunça Milli müdirliginden arheolog Ejegül Myradowa Tolstowyň toparynyň 60 ýyl mundan ozal doly tamamlamadyk gazuw-agtaryş işlerine täzeden başlady. 

„ Köpkameraly söwda köçeleri usulynyň özeni- gümmez bölekleriniň ötlem-ötlem jaýlarynyň köçeleriň gapdalalrynda ötülýän böleklere bölünen söwda nokatlarynyň-dükanalrynyň gurulmagyndan we giňişliginiň sazlaşykly göni ösdürilmeginden ybaratdyr“-diýip binagärlik taryhçysy Liýa Mankowaskaýa ýazypdy. Söwda köçeleri köplenç gamyş bassyrmaly ýeňil karkas jaýlar görnüşinde gurlupdyr, şonuň üçinem olar hiç ýerde saklanyp galmandyr. Ýöne söwda giňişligini guramagyň bu usuly yzygiderli täzeden ulanylyp durlupdyr. Diňe Yspyhanyň, Töwrüziň ýa-da Stambulyň häli-häzire çenli saklanyp galan uly bazarlary Merw, Amul ýa-da Köne Ürgenç ýaly şäherleriniň ýitip giden gadymy bazarlary barada düşünje berip bilerler (4-nji surat). 

Merwiň, Buharanyň, sebitiň beýleki şäherleriniň Yslam dini gelmezden ozalky üsti ýapyk bazarlary al-Makdisiniň (Х asyr) ýazmagyna görä, „tim“ diýen sogda sözi bilen aňladylypdyr. Söwda kwartallaryň içindäki bazarlarda-da edilipdir. Olar gyralarynda senetçiler ussahanalary bolan howlylardy, olarda dellar bolmazdan söda edip bolýar eken. Gadymy ýazuw çeşmeleriniň esasynda araplar gelmezinden ozalam bazarlar ugurlara bölünip, senetleriň görnüşleri boýunça tapawutlanypdyr. „Tim“ adalgasy diňe olaryň bitirýän işini aňladyp, aýry-aýry jaýlara-da, söwda hatarlaryna-da degişli bolupdyr. Birnäçe asyrdan soňam şeýle bolupdyr. „Tim“ „han“, ýagny „myhmanhana, kerwensaraý“ sözüniň sinonimidir. Sözlüklerde „tim“ we „han“ sözüniň ýene bir sinonimi: arapça „menzil“-söwda we ýaşamak üçin jaý sözi hem getirilýär. Şeýle atlandyrylýan jaýlarda wagtlaýyn ýaşalýan we söwda edilýän ýerleriň utgaşandygyny XI asyr geň resminamalarynyň birri-Ibragim tamgaç hanyň „Wakfnamasy-da“ tassyklaýar. Onda hananyň, kerwensaraýyň we timiň otaglary sanalyp geçilýär, olaryň hersi-de şol bir zady aňladýar: olarda hem hüjreler, at ýataklar, agyllar, bede jaýlary bolupdyr. Şu kysmy ulanylmagy binagärlik gurluşynyň hem birmeňzeşligini talap edipdir; olarda giçki orta asyr Yspyhanyň –Beýik Seljuklar imperiýasynyň ozalky paýtagtyndaky binalardaky ýaly myhmanhanalardaky dükanlar we timlerde ýaşalýan otaglar bolupdyr. 

Şeýlelikde, şäher kerwensaraýlarynda wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary, umumy ýaşaýyş jaýlary, önümçilikler we dükanlar bolupdyr. XI asyra çenli pul-söwda gatnaşyklary karz-weksel ulgamy häsiýetne eýe bolupdyr, bu bolsa bazar gurluşyna giren serraplaryň ýörüteleşdirilen maliýe edaralarynyň döredilmegine getiripidir. 

Şäheriň söwda zolagynda jemgyýetçilik binalarynyň ählisi, şol sanda metjitler hem bolupdyr. Esasy metjitler, medreseler hökman bazarlaryň içinde ýerleşdirilipdir. Orta asyr bazarlarynyň hemmetaraplaýyn jemgyýetçilik toplumyna öwrülmegi şäherleriň kemala gelen ýerleriniň ählisinde şäheri kemala getirmegiň degerli ýagdaýyny aňladypdyr.