Amerikaly sazandalar we TMK-nyň talyplary aşgabatlylara roždestwo baýramyna sowgat taýýarladylar

Amerikaly dirižýorlaryň üçüsi- Derek Bekwold, Eýweri Ueýt, Piter Toresen hem-de belli wiolençelçi we skripkaçy Kim Maý Nian dagy aşgabatlylar we paýtagtyň myhmanlary üçin roždestwo sowgadyny taýýarladylar--olar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly-drama teatrynda nusgawy sazlaryň konserti bilen çykyş etdiler. 

Amerikaly mugallymlar we sazandalar bilen bilelikde oňa milli konserwatoriýanyň talyplarydyr mugallymlary-da gatnaşdylar. Baýramçylyk sazly çykyşlarda hor, wilonçiler, altçylar, üflenip çalynýan saz gurallary we jaz ansambllary, şeýle hem simfoniki we kamera orkestrleri çykyş etdiler. 

TMK-nyň aýdymçylar topary Piter Toreseniň ýolbaşçylgynda roždestwo aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Nury Halmämmedowyň täzeden işlän „Nar agajy“ halk sazyny saksofonda Derek Bekwold ussatlarça ýerine ýetirip, diňleýjileriň „sag bolsunyna“ mynasyp boldy. 

Konserwatoriýanyň pianinoçysy Bahar Annadurdyýewa ýekelikde Jorj Gerşwiniň „Sammer taým“ („Tomus pasly“) eserini Fasil Saýýanyň gaýtadan işlän görnüşini nepislik bilen ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň „berekellasyny“ gazandy. 

Diksilend bolsa,Skott Jopliniň regtaýmlarynyň ikisini çaldy. Olaryň biri biziň gowy bilýän, meşhur „Estrada artisiti“ eseridi. 

Şeýle hem tomaşaçylar türkmen kompozitorlary Rejep Rejebowyň „Türkmen tansy“ eserini, Daňatar Öwezowyň „Leýli-Mejnun“ operasyndan bir bölegi gyzgyn garşyladylar. Dürli sazlaryň böleklerinden düzülen saz eseri diňe bir türkmen diňleýjileriniň däl, eýsem amerikaly sazandalaryňam göwnünden turdy. Agşamyň konsertmeýsteri –halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlary eýelän Stella Faramazowady. 

Medeniýet ministrliginiň we ABŞ-nyň Ilçihansynyň gurnan dostluk konserti diňe bir diňleýjiler üçin däl, eýsem döredijilik gatnaşyklary üstünlik ösdürilýän iki ýurduň sazandalary üçinem özboluşly sowgat boldy. Bilelikdäki çykyşlardan ýadygärlik hökmünde amerikaly mugallymlar TMK-a saz gurallaryny sowgat berdiler.