TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇIHANASYNDA “GARAŞSYZ WE BAKY BITARAP TÜRKMENISTANA 30 ÝYL” ATLY HALKARA MASLAHATY GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy hem-de 2021-nji ýylyň “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy tarapyndan “Garaşsyz we Baky Bitarap Türkmenistana 30 ýyl” atly Halkara maslahaty geçirildi. Maslahata Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Malaýziýanyň Strategiki we halkara gözlegler institutynyň Dolandyryş ýolbaşçysy, bu ýurtda ýerleşýän daşary ýurtlaryň Ilçileri we diplomatlary hem-de beýleki daşary ýurtlaryň wekilleri we ýerli işewür adamlar gatnaşdy.

Halkara maslahatyny Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi açyp, ol öz çykyşynda şu ýyl Türkmenistan özüniň häzirki taryhynda möhüm senäniň - Türkmen döwletiniň döredilmeginiň 30 ýyllygyny buýsanç bilen bellenilip geçirilýändigini belläp geçdi. Şeýle hem, hemişelik Bitaraplyk derejesine, amatly geosyýasy we geo-ykdysady ýerleşen, ägirt uly çig mal ätiýaçlyklaryna we güýçli adam mümkinçiliklerine eýe bolan Türkmenistan ýakyn wagtda senagat taýdan ösen ýurtlaryň birine öwrülip biler diýip belläp geçdi.

Halkara maslahatda çykyş eden Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň Ilçileri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmen halkyna we Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň adyna öz ýurtlarynyň Hökümetleriniň hem-de öz atlaryndan gyzgyn gutlaglary ýetirdiler. Şeýle hem, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyklyk derejesiniň sebitleýin howpsuzlyk syýasatyny doly durmuşa geçirmäge we Merkezi Aziýada hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge  mümkinçilik berýändigini nygtap geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de  Hormatly Prezidentimiziň  başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan  «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistan Watanymyzyň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanper ugurlarda ýeten derejelerini görkezýän wideoşekiller görkezildi.