Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy

Ak mermerli Aşgabat sebitiň we dünýäniň owadan hem-de amatly şäherleriniň biri hökmündäki derejesini gün-günden berkidip, dürli pudaklarda netijeli halkara gatnaşyklarynyň geçirilýän merkezi hökmünde ykrar edildi. Watanymyzyň ähli künjegini, has çetdäki obalary gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň barşynda paýtagtymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy bilen oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ähli aýdyňlygy bilen äşgär edýär.

Şu gün döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkiminiň haýyşy boýunça we geçen wideoşekilli iş maslahatynda berlen tabşyrygy ýerine ýetirmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşmak maksady bilen, paýtagtymyza iş saparyny amala aşyrdy we dikuçarda ýurdumyzyň baş şäherinde alnyp barylýan işleriň möçberlerini we şäheriň abadanlaşdyrylyşyny synlady.

Milli Liderimiz iş saparynyň dowamynda şäheriň durmuş düzümini we abadanlaşdyrylyşyny, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny ösdürmek boýunça maksatnamanyň iş ýüzünde amala aşyrylyşyny gözden geçirdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz täze iri desganyň — işewür merkezi bolan kaşaň myhmanhananyň gurluşygyna degişli taslamalar bilen tanyşdy hem-de ýene-de bir maslahatlar merkezi bolan ýokary derejeli myhmanhananyň gurluşygy boýunça anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz dikuçarda Aşgabadyň ýokarsyndan aýlanyp, şäherde alnyp barylýan gurluşyk we beýleki işlere, hususan-da, paýtagtymyzyň abadançylyk derejesiniň üpjün edilmegine toplumlaýyn çemeleşmeleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, şäher düzüminiň kämilleşdirilmegi, seýilgäh zolaklarynyň giňeldilmegi möhüm talap bolup durýar.

Milli Liderimiz guşuçar belentlikden Aşgabatda alnyp barylýan işler, aýratyn-da durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy, ýol-ulag we yşyklandyryş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylyşy, täze ýollaryň, köprüleriň gurluşygy bilen tanyşdy.

Döwlet Baştutanymyz degişli jemagat gulluklarynyň sazlaşykly işlemegi bilen şäherde nusgalyk arassaçylygy saklamak bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän desgalaryň ýerleşjek ýerlerini synlady.

Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň oňyn netije berýändigini belläp, hormatly Prezidentimiz häkime bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynda ýollary abadanlaşdyrmak, şeýle hem durmuş ulgamyna degişli binalary ýerleşdirmek meselelerine örän oýlanyşykly çemeleşilmelidigini aýtdy. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda awtomobil ýollarynyň ugrunda ýerleşdirilýän duralgalar, ýerüsti we ýerasty geçelgeler ilat üçin amatlylyk talaplaryna hem-de häzirkizaman şäher gurşawlarynyň ölçeglerine laýyk gelmelidir.

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça Aşgabat şäherini ösdürmegiň esasy ugurlarynyň çäklerinde häzirki wagtda paýtagtymyzy gurmagyň nobatdaky tapgyrynda alnyp barylmaly işleriň anyk maksatnamasy düzülýär. Şäher gurluşygynda, binagärlikde we täze binalaryň bezeginde öňdebaryjy tejribeleriň durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz has-da gözel görnüşe, gaýtalanmajak keşbe eýe bolýar.

Soňky ýyllarda Aşgabat öz çäklerini has-da giňeltdi. Paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurlan binalar toplumy ulanmaga berildi. Häzirki döwürde 16-njy tapgyryň taslamalary boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Bu barada häkim döwlet Baştutanymyza hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş ulgamyna ünsi çekip, paýtagtymyzy ösdürmegiň, şol sanda ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň konsersiýsyny durmuşa geçirmekde adam hakdaky aladanyň ilkinji nobatda durmalydygyny, adamlaryň oňaýly ýaşaýşy, dynç alşy we döredijilikli zähmeti üçin zerur şertleriň döredilmelidigini belledi.

Gürrüňi dowam edip, milli Liderimiz täze ýaşaýyş jaý toplumlarynda döwrebap söwda-dynç alyş merkezleriniň gurulmagyny, onda alyjylar we satyjylar, şeýle hem körpeleriň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, olaryň dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Aşgabadyň demirgazygyna tarap ugur aldy. Häzirki döwürde şäheriň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýar. Bu ýerde 1152 hojalyga niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy tamamlandy. Çoganlyda ozal şeýle görnüşdäki ýaşaýyş jaýlarynyň 384-siniň açylandygyny hasaba alanyňda, bu toplumdaky döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň jemi sany 1536 ýetýär. Munuň özi paýtagtymyzy toplumlaýyn ösdürmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň oňyn netije berýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow guşuçar belentlikden şäheriň demirgazyk künjeginde alnyp barylýan işler bilen tanyşlygyň barşynda ýurdumyzyň gurluşyk senagaty üçin möhüm önümçilik desgasy bolan aýna kärhanasynda alnyp barylýan işleri synlady. Soňra milli Liderimiziň dikuçary Aşgabadyň demirgazyk-günbatar künjeginde ýerleşýän häzirkizaman ýaşaýyş toplumlaryna tarap ugur aldy.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen gurluşygyna badalga berlen Täze Zaman we Täze Oba häzirkizaman ýaşaýyş toplumlarynyň gurulmagy şäherli ýaşaýjylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna gönükdirilendir. Köçeleriň we ajaýyp ýaşaýyş jaýlarynyň göni hatarlary ruhuňy göterýär. Bu ýerde adamlaryň amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler döredilendir, degişli durmuş düzümleri bar.

Aşgabadyň demirgazyk künjeginde Garagum derýasynyň golaýyndan geçýän G.Kulyýew köçesiniň ugrunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň edara binalarynyň gurluşyklary tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, beýleki binalaryň we dürli maksatly desgalaryň gurluşygy bilen bir hatarda gök zolaklaryň döredilmegine, sport we çagalar üçin oýun meýdançalarynyň abadanlaşdyrylmagyny hem-de tutuşlygyna adamlaryň amatly dynç almagy hem-de wagtyny peýdaly geçirmegi üçin zerur şertleriň döredilmelidigini aýtdy we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzdaky “Berkarar” söwda-dynç alyş merkeziniň ähli görkezijiler boýunça halkara ülňülerine laýyk gelýändigini, onuň adamlaryň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrülendigini belläp, şeýle merkezleriň gerimini giňeltmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Köşi ýaşaýyş toplumynda, paýtagtymyzy ösdürmegiň 15-nji tapgyrynyň çäklerinde gurulýan söwda merkezlerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze gurulýan söwda toplumlarynda ulular üçinem, çagalar üçinem ähli zerur şertleriň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn belledi.

Döwlet Baştutanymyz uçuşyň dowamynda Tehnologiýalar merkeziniň ýanynda ýerleşjek Söwda merkeziniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdy.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkeziniň ýanynda Ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň ýerleşjek ýeri bilen tanyşdy. Saglyk ulgamyna degişli desgalaryň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi, olaryň iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagy boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy we gök zolaklaryň döredilmegi boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, onuň durmuş şertlerini gowulandyrmagyň Aşgabatda amala aşyrylýan giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlardygyny belläp, milli Liderimiz häkime bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz durmuş-medeni maksatly binalaryň gurluşygyny dowam etmegi tabşyrdy, olar ýokary depginde ösýän türkmen paýtagtynyň binagärlik toplumyna sazlaşykly goşulmalydyr, geçirilýän ähli işler ýurdumyzyň baş şäheriniň — Merkezi Aziýanyň merjen şäheriniň ýokary derejesine laýyk gelmelidir.

Aşgabady toplumlaýyn ösdürmek, şäheriň ähli düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, onda adamlar üçin amatly durmuş şertlerini döretmek bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Milli Liderimiz paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilişini ünsden düşürmeýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu ýerde alnyp barylýan işleriň döwrebap talaplara we ülňülere laýyk gelmegi, olarda ýokary hil, gözellik we ekologiýa derejeleriniň üpjün edilmegi hem-de uzakmöhletleýin geljegi nazarlaýan täzeçil çemeleşmeleriň ulanylmagy onuň esasy ugry bolup durýar.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi ugurdaş desgalar toplumyny we işewürlik merkezini özünde jemleýän täze myhmanhananyň gurluşygynyň taslamasy hakynda hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Halkara howa menziliniň golaýyndaky A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy şaýollarynyň çatrygynda gurulmagy meýilleşdirilýän geljekki binanyň ýerleşjek ýerini synlady. Täze myhmanhana Aşgabadyň myhmanlaryna howa menziliniň ýakynynda ýerleşmäge oňaýly mümkinçilikleri üpjün eder.

Milli Liderimiziň garamagyna täze desga barada giňişleýin düşünje almaga mümkinçilik berýän taslamalar görkezildi.

6,9 gektar meýdanynda ýerleşjek täze myhmanhana dokuz gatdan ybarat bolup, onda 90-a golaý myhman otaglaryndan başga-da, iş otaglary, söwda merkezi, restoran we milli toý dabaralaryny, dessur çärelerini geçirmäge niýetlenen zallar göz öňünde tutuldy.

Bu ýerde görkezilen taslamalarda täze desganyň özboluşlylygy, onuň döwrebaplygy has aýdyň duýulýar. Onuň binagärlik çözgüdinde Türkmenistanyň esasy ajaýyplyklarynyň biri bolan Garagum sährasynyň tebigy aýratynlyklary öz beýanyny tapypdyr.

Döwlet Baştutanymyz taslama bilen içgin tanşyp, oňa birnäçe bellikleri aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Ýurdumyzyň geografiki taýdan amatly ýerleşendigini, gadymy döwürlerde bu ýerlerden möhüm halkara ýollarynyň geçendigini aýdyp, milli Liderimiz 2018-nji ýylyň “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegini nazarda tutup, täze myhmanhananyň “Garagum” diýlip atlandyrylsa maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, bu özboluşly toplumyň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden görünmelidigini, onuň iň häzirkizaman enjamlary bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.

Myhmanhananyň bezeg aýratynlyklary, aýnalarynyň altynsow reňkde bolmagy adyna kybap gelmegini üpjün eder. Munuň özi halkymyzyň asylly myhmansöýerlik däpleriniň dabaralanýandygyny alamatlandyrar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, myhmanhanada paýtagtymyza gelýän jahankeşdeleriň şäher bilen tanyşmaklaryny üpjün edýän ýörite maksatnama işlenip taýýarlanylmalydyr.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz täze topluma gelýän ýollary, onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak boýunça öňde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärli çemeleşmegi üpjün etmegi tabşyrdy.

Täze desganyň şäher gurşawy we paýtagtymyzyň bu künjeginiň binagärlik keşbi bilen sazlaşmalydygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ýerde gök zolaklary döretmek boýunça häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen baglylykda, bu taslamanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik döwlet gullugy tarapyndan berlen patent bilen bellige alnandygy aýratyn nygtamak gerek. Mälim bolşy ýaly, binagärlik, şähergurluşyk hem-de bag-seýilgäh sungaty eserlerine awtorlyk hukugynyň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen ozal hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläni içgin işläp taýýarlamagy hem-de onuň degişli çözgüdini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew Köpetdagyň eteginde hem täze, kaşaň myhmanhananyň gurluşygynyň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Milli Liderimiz soňky ýyllarda Aşgabat Aziýanyň merjen şäheri hökmünde ykrar edilip, ýurdumyza gelýän syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň we beýleki işewür adamlaryň sanynyň artandygyny belledi. Munuň özi paýtagtymyzda halkara maslahatlary, beýleki iri möçberli çäreleri geçirmäge niýetlenen merkeziň gurulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häkime dürli maslahatlary, kongresleri we beýlekileri ýokary derejede guramak üçin döwrebap halkara işewürlik merkeziniň gurluşygy bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi.

Degişli işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny belläp, milli Liderimiz täze desganyň gurluşygynda milli ýörelgeler bilen häzirkizaman tejribeleriniň utgaşdyrylmalydygyny aýtdy we bu ýörelgeleriň berk berjaý edilmegi hem-de gurluşygyň öz wagtynda tamamlanmagy, onda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň çäklerinde bar bolan ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň könelişen binalaryny aýryp, olaryň ornuna täze, döwrebap edara binalaryny gurmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Türkmenistanyň häzirki döwürde täzeden dikeldilýän Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegini nazara almak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolup durýan halkara ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň çäginde ýokary tizlilki awtomobil ýollarynyň gurluşygy aýratyn wajyp bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ýokary halkara ölçeglerine laýyk geljek Türkmenabat — Türkmenbaşy awtomobil ýolunyň gurluşygy baradaky gürrüňe geçmek bilen, Amuldan Hazara çenli aralykdaky ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň “Beýik Ýüpek ýoly” diýip atlandyrmak baradaky teklibi öňe sürdi.

Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji we 2015-nji ýyllarda kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň “Multimodal” üstaşyr geçelgelerini döretmäge goldaw bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasyndaky hemmetaraplaýyn gatnaşyklary üpjün etmegiň ýolunda” atly Kararnamalarynyň aýdyň netijesi bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny tamamlap hem onuň jemlerini jemlemek bilen, Aşgabady dünýäniň iň gözel we ýaşamak üçin amatly şäherleriň birine öwürmäge ýardam berýän toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň tiz durmuşa geçirilmeginiň möhümdigini belledi.