TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça Iş topary döredildi

“Türkmenistan –Owganystan-Pakistan-Hindistan” gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, bu ugurdaky işleriň utgaşykly alnyp barylmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýokarda agzalan ugur boýunça ulag geçelgeleriniň we energiýa geçirijileriniň taslamalaryny utgaşdyrmak boýunça Iş topary döredildi we toparyň düzümi hem-de Düzgünnamasy tassyklandy.