2018-nji ýylda şäherara ugurlarynda täze amatly awtobuslaryň onlarçasy ýolagçylary gatnadyp başlar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hem ýurdumyzyň ulag düzümini ösdürmekden, ulagyň awtomobil we beýleki görnüşleriniň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr. 12-nji ýanwarda bolan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hem döwlet Baştutanymyz jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly hereketiniň guralmalydygyny, ýolagçylara ýokary hilli hyzmat edilmelidigini ýakyn geljek üçin ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda görkezip, bu ugurda alnyp barylýan işleriň möhümdigini belledi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň güýzünde Aşgabatda geçen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülýän döwürde “Hyundai” (Koreýa Respublikasy), “Yutong” (Hytaý Halk Respublikasy), “Toyota” (Ýaponiýa) ýaly kysymlary dünýä belli häzirki zaman awtobuslaryň ýüzlerçesi satyn alyndy. Ak mermere beslenen paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary, esasan-da sürüjiler bu ýokary hilli we rahat täze maşynlara mynasyp baha berdiler.

Häzirki wagtda Awtomobil ulaglary ministrliginiň kärhanalarynyň we guramalarynyň tehniki parkyny täzelemek işi dowam edýär. Meselem, Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag önümçilik birleşigine “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň 15-si gelip gowuşdy. Olaryň 10-sy ýolagçylary halkara ugurlarynyň 10-sy boýunça, şol sanda Aşgabat-Hazar-Aşgabat ugry boýunça gatnadar. Döwrebap awtobuslaryň ýene 5-si ýurdumyza gelýän syýahatçylara we jahankeşdelere awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ulanylar.

Mundan başga-da, “Hyundai Uniwerse Luxury” kysymly awtobuslaryň 7-si we “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň bolsa 2-si sebitlere geçirildi. Hususan-da, olar Balkan welaýatynda Balkanabat-Türkmenbaşy-Balkanabat, Türkmenbaşy-Garabogaz-Türkmenbaşy şäherara ugurlarynda, şeýle hem "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda hereket ederler. Lebap welaýatyna berlen awtobuslar Türkmenabat-Kerki-Türkmenabat hem-de Kerki-Türkmenabat-Kerki ugurlary boýunça gatnarlar.

Öz nobatynda, Marydaky ýolagçy awtoulag kärhanasy awtobuslaryň ikisini Mary-Serhetabat-Mary ugurlary boýunça, birini bolsa Mary-Türkmenabat-Mary ugrunda ulanmagy meýilnamalaşdyrýar.

Koreý we hytaý awtomobil gurluşynyň öňdebaryjylary bolan “Hyundai Uniwerse Luxury” we “Yutong ZK 6129H” kysymly awtobuslaryň dünýäde giňden ulanylýandygyny bellemek gerek. Hünärmenler olaryň ygtybarlylygyny, kuwwatlylygyny, ulanylyşlarynyň ykdysady taýdan tygşytlylygyny, howpsuzlygynyň ýokary derejeliligini, hereketleriniň emaýlylygyny, bezegleriniň sazlaşyklylygyny belleýärler. Olar Türkmenistanyň howa şertlerine doly gabat gelýär.

Bu kysymlaryň ýygnalyşynda birnäçe sagada çekýän gatnawy rahat syýahata öwürmäge mümkinçilik berýän zerur zatlaryň ählisi, ýagny awtobusyň içini salkynladyş, ýyladyş we ýagtylandyryş ulgamy, her bir ýolagçynyň şahsy islegine görä sazlaşdyryp bolýan belent arkalykly ýumşak oturgyçlar, giň gapylar we beýlekiler bar. Dünýä belli bu rahat ulaglaryň ekologik görkezijileriniň hem halkara ölçeglerine doly gabat gelýändigini aýtmak gerek. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlardan satyn alynýan ähli tehnikalara we enjamlara bildirýän möhüm talaplarynyň biridir.