Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze guruljak dürli maksatly desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy. Olary paýtagtymyzy toplumlaýyn gurmagyň, şäher düzümini ösdürmegiň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň çäklerinde ak mermerli paýtagtymyz täze gurlan desgalarynyň gerimi we ajaýyplygy bilen uly täsir galdyrýar. Soňky ýyllarda onuň binagärlik toplumyna täze taryhy döwrüň hem-de milli Liderimiziň ýöredýän döwlet syýasatynyň aýdyň nyşanlaryna öwrülen özboluşly binalaryň we desgalaryň tutuş toplumlary sazlaşykly goşuldy.

Amatly ýaşamak üçin zerur bolan ähli şertleriň döredilýän ýeri — döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemlemek bilen, türkmen paýtagty sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde günsaýyn ynamly berkarar bolýar. Aşgabatda gurulýan täze binalar onuň gözelligini artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmakda hem möhüm orun eýeleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň başyny başlap, olary amala aşyrmagyň ähli tapgyrlaryny — binagärlik, inženerçilik-tehniki we dizaýnerçilik çözgütlerinden başlap, desgalaryň ulanmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlary berk gözegçilikde saklaýar. Şeýlelikde, şu gün paýtagtymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek meselesi öz dowamyna eýe bolup, onuň möhüm ugurlaryna ýanwar aýynyň birinji ýarymynda milli Liderimiziň dikuçarda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň barşynda garaldy.

Şonda hormatly Prezidentimiz gurulmagy teklip edilýän desgalaryň hem-de binalaryň ýerlerini guşuçar belentlikden synlady we olaryň guruljak ýerlerini kesgitläp, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklary berip, olaryň öňünde Aşgabat şäherini dünýäniň gözel hem-de ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwürmäge gönükdirilen anyk wezipeleri goýdy.

Şu gün döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde täze guruljak desgalar barada aýdyň düşünje berýän taslamalar, çyzgylar görkezildi.

Milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşyladylar.

Tanyşdyrmagyň barşynda wise-premýer D.Amangeldiýew ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berip, birnäçe ýylyň dowamynda gurmak meýilleşdirilýän taslamalary döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürledi.

Guruljak täze desgalaryň hatarynda döwrebap kaşaň myhmanhana, Halkara maslahatlar merkezi, Halkara kabul ediş merkezi, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň edara binalary, şeýle hem beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de täze Hökümet münberi bar.

Kaşaň myhmanhananyň binasy ýarym aýlaw şekilli bolup, onuň bu şekili Arçabil we Çandybil şaýollarynyň arasynda, 22,9 gektar meýdanda bina ediler. Onuň düzümine oteliň binasy, Işewürlik merkezi we Apart oteli girer. Binalar bezelende milli türkmen nagyşlary we beýleki bezeg serişdeleri ulanylar.

Myhmanhananyň birinji gatynda esasy hol, beýleki gatlarynda ýokary hilli lýuks, ýarym lýuks we standart otaglar, şeýle hem ýokary wezipeli myhmanlar üçin niýetlenen otaglar ýerleşdiriler. Apartamentleri we myhmanhanalary öz içine alýan apart-oteli bu ýere gelýänleriň hyzmatynda bolar. Binanyň 13-nji gatynda panorama görnüşli restoran, ikinji gatda SPA zolakly howuz, üçünji gatda mejlisler zallary göz öňünde tutular.

Şeýle-de myhmanhananyň meýdançasynda gidropark bilen birleşýän uzynlygy 725 metr bolan derýa, emeli köl, açyk howuz, çüwdürimler, tomusky restoran we kafe ýerleşdiriler. Şeýle hem taslama uzynlygy 600 metr bolan awtomobil ýoluny öz içine alýar.

Birnäçe degişli desgalardan ybarat boljak ýene bir iri toplumlaryň biri Halkara maslahatlar merkezi bolar. Ony hem paýtagtymyzyň günorta böleginde — onuň döwrebap dolandyryş-işewürlik we medeni merkeziniň okgunly kemala gelýän böleginde gurmak teklip edilýär. Bu ýerde täze tehniki we multimediýa enjamlary bilen üpjün edilen, ýokary derejeli forumlary, şol sanda BMG-niň, GDA-nyň çäklerinde duşuşyklary we gepleşikleri, şeýle hem metbugat maslahatlaryny, resminamalara gol çekmek dabaralaryny geçirmek üçin zallary nazara almak bilen ähli şertler göz öňünde tutular.

Täze guruljak desgalaryň sanawynda Halkara kabul ediş merkezi hem bolup, onda merkezi we aýratyn naharhanalar, banket zallary we ýörite enjamlar bilen üpjün edilen aşhanalar, şeýle hem gepleşikleri geçirmek üçin peýdalanyp boljak otaglar ýerleşdiriler.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň hem-de «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün ediljek täze belent binalarynda olaryň işgärleriniň önjeýli işlemegi hem-de müşderilere hyzmat etmegi üçin zerur bolan ähli şertler dörediler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Gündogaryň görnükli şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Ony paýtagtymyzyň günorta böleginde, Köpetdagyň gözel künjeginde bina etmek meýilleşdirilýär. Ýadygärligiň beýikligi 60 metre, durmaly ýeriniň diametri 25 metre deň bolar. Ýadygärlige barýan basgançakly ýola granit düşeler. Şeýle hem bu ýerde meýdany 6 gektara barabar boljak bagy-bossanlyga bürelen seýilgäh gurlar.

Milli Liderimiziň garamagyna täze Hökümet münberiniň taslamasy hödürlenildi. Bu desgany hem Köpetdagyň eteginde gurmak göz öňünde tutulýar. Çünki bu ýerden ak mermerli paýtagtymyzyň gözel keşbi açylýar. Münberiň öňünde ählihalk baýramçylyklaryny we şanly seneler mynasybetli dabaralary geçirmek üçin meýdança ýerleşdiriler. Şeýle hem bu taslamada täze ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.

Soňra milli Liderimize Sport baradaky döwlet komitetiniň edara binasynyň hem-de Milli sport we syýahatçylyk institutynyň sportuň olimpiýa görnüşleri fakultetiniň binalar toplumynyň durkuny täzelemek, 450 orunlyk 5 gatly täze umumy ýaşaýyş jaýyny, 2 gatly köpugurly sport toplumyny gurmak, şeýle hem onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, dynç alyş zolagyny döretmek we awtoduralgany enjamlaşdyrmak bilen bagly taslamalar görkezildi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow «Nusaý» myhmanhanasynyň 2-nji tapgyrynyň taslamasy bilen tanyşdyryldy. Onuň binalaryny S.Türkmenbaşy we Galkynyş köçesiniň çatrygynyň golaýynda gurmak meýilleşdirilýär. Täze myhmanhana binasynda 134 sany otag, şol sanda standart, lýuks we VIP otaglar ýerleşdiriler. Şeýle hem beden taýdan mümkinçilikleri çäkli bolan adamlar üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutular. 150 orunlyk restoran, 180 orunlyk banket zaly, gözellik salony we fitnes zaly myhmanlaryň hyzmatynda bolar. Myhmanhananyň çäginde sütünler, seýilgäh, ýüzülýän açyk howuz, 40 orunlyk bassyrmaly awtoduralga, şeýle hem tehniki binalar ýerleşdiriler.

Ýurdumyzda milli Liderimiz tarapyndan başy başlanyp amala aşyrylýan şähergurluşyk strategiýasynyň möhüm bölegi hemişe durmuş ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, tanyşdyrylyşyň barşynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda 200 orunlyk şypahananyň, Aşgabat şäherinde 130 orunlyk Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň hem-de paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna hödürlenildi.

Täze şypahanany gurmaga 12 gektar ýer bölegini bermek meýilleşdirilýär. Şypahananyň binýadynda aşakdaky bölümler: anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, fizioterapiýa bölümi, bejeriş, dem alyş, ýürek-damar, nerw, iýmit siňdiriş ulgamlarynyň işjeň dikeldiş hyzmatlary bölümleri açylar.

Toplumyň çäklerinde 3 gatdan ybarat 2 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Olarda 1 orunlyk otaglaryň 50-si, 2 orunlyk 70 sany, 10 sany lýuks otaglar, şeýle hem 2 gatdan ybarat 2 sany lýuks kottejleri bolar. Mundan başga-da, naharhana, 2 sany ýüzülýän howuz — 1 howuz ulular, 1 howuz çagalar üçin bolar, açyk sport meýdançasy, çagalar üçin oýun meýdançalary, pyýada we welosiped ýodalary hem-de awtoduralga göz öňünde tutulýar.

Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkezini Aşgabatda Bekrewe köçesinde gurmak maksat edinilýär. Onuň birinji gatynda saglyk öýi, tiz kömek bölümi we maslahat zaly, ikinji gatynda barlaghana, reanimasiýa hem-de dolandyryş bölümleri, üçünji we bäşinji gatyň aralygynda hassalar üçin 2 orunlyk otaglar bolar. Ýerzemin gatda aşhana, ammar, arhiw we beýleki degişli otaglar ýerleşdiriler. Merkeziň abadanlaşdyrylan çäklerinde awtoulaglar üçin üsti açyk duralga göz öňünde tutulýar.

Paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda täze iri ýaşaýyş toplumy Senagat köçesiniň ugrunda 32 gektar meýdanda peýda bolar. Onuň gurluşygyny bäş ýylyň dowamynda iki tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär. Taslama laýyklykda, bu ýerde iki we üç otagly 1120 hojalyga niýetlenen 35 sany 4 gatly 32 öýli ýaşaýyş jaýlaryny, 160 orunlyk çagalar bagyny, 600 orunlyk umumybilim berýän mekdebi, inžener ulgamlary, ulag-aragatnaşyk düzümleri bilen bilelikde ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, köpugurly söwda merkezini gurmak göz öňünde tutulýar.

Tanyşdyryşyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň nobatdaky 16-njy tapgyrynda guruljak desgalaryň taslamalary görkezildi, ony Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda umumy meýdany 35 gektar ýer böleginde gurmak meýilleşdirilýär.

Baş meýilnama laýyklykda, 1008 hojalyga niýetlenen 10 sany 12 gatly 72 öýli we 6 sany 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlary bina ediler. Bu ýokary amatlykly jaýlarda üç otagly öýleriň 442-si, dört otagly öýleriň 382-si hem-de bäş otagly öýleriň 184-si ýerleşer. Şeýle hem 6 sany ýerasty pyýada geçelgelerini, umumy uzynlygy 5 564 metr bolan ýollary gurmak meýilleşdirilýär.

Taýýarlanan taslamalaryň hatarynda paýtagtymyzda — Tähran köçesiniň ugrunda söwda dynç alyş merkezini gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem onuň toplumyna işewürlik edara binasy hem-de çagalar dynç alyş merkezi girer. Desgalaryň ýanaşyk ýerleri doly abadanlaşdyrylar we bagy-bossanlyga büreler. Şeýle hem ýollary we ýanýodalary, uzynlygy 500 metr we ini 15 metr bolan emeli kanaly gurmak göz öňünde tutulýar.

Söwda we dynç alyş merkeziniň ýene-de birini Magtymguly şaýoly we Taslama köçesiniň çatrygynda gurmak meýilleşdirilýär. 3 gatly binanyň birinji gatynda supermarket, köpugurly hyzmat we söwda dükanlary bolar, 2-nji gatda alyjylar egin-eşik, sowgatlyk önümleri, hojalyk harytlaryny, elektronika harytlaryny, haly önümlerini satyn alyp bilerler. Şeýle hem bu ýerde toý dabaralaryny geçirmek üçin zal göz öňünde tutular. Binanyň 3-nji gatynda restoranlar, kafeler, çagalar üçin attraksionlar, edara otaglary ýerleşdiriler.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhananyň taslamasyna garady. Ol paýtagtymyzyň sazlaşykly ösýän myhmanhana düzüminiň üstüni ýetirer. Myhmanhanany A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda umumy meýdany 6,9 gektar meýdanda gurmak meýilleşdirilýär. Binada 87 sany otag — 17-si standart, 8-si suit, 47-si lýuks, 15-si super lýuks otaglar ýerleşdiriler.

Baş meýilnama laýyklykda, myhmanhananyň çüwdürimler bilen bezelen meýdançasynda sport we çagalar oýun meýdançalary, açyk ýüzülýän howuz, bassyrmaly ulag duralgasy bina ediler. Şeýle hem taslama laýyklykda, söwda merkezi, 150 orunlyk restoran, 500 orunlyk toý mekany, gözellik salonlary göz öňünde tutular.

Hödürlenýän taslamalaryň hatarynda Aşgabat Halkara howa menzili üçin hünärmenleri taýýarlaýan okuw merkezi bar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow taslamalar bilen içgin tanşyp, paýtagtymyzda amala aşyrylýan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasynyň öňde goýlan ähli wezipeleri çözmäge täzeçil we oýlanyşykly çemeleşmäni, öňdebaryjy tehnologiýalary we işleri, iň gowy dünýä tejribesini çekmegi ugur edinýändigini belläp, täze desgalaryň gurluşygynyň gerimini nazarda tutup, olaryň gurluşygyny üç tapgyrda amala aşyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Täze binalar we desgalar gurlanda olaryň maksady we oýlanyşykly ulanylmagy, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzüminiň döredilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

Häzir Aşgabat sebit we dünýä hyzmatdaşlygynyň merkezine öwrüldi, munuň özi halkara häsiýetli iri çäreleri geçirmek hem-de sany ýylsaýyn artýan daşary ýurtly myhmanlary mynasyp kabul etmek üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aňladýar. Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz birnäçe anyk görkezmeleri, şol sanda täze döwrebap kaşaň myhmanhananyň hem-de Halkara maslahatlar merkeziniň taslamalary babatda tabşyryklary berdi. Bu binalar ähli ölçegleri — gurluşygyň hilinden başlap, üpjünçiligine we bezelişine çenli ýokary dünýä ölçeglerine hem-de şeýle desgalara bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, täze guruljak ähli binalar paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik toplumy bilen utgaşyp, bu ýerde ozal gurlan desgalar we tebigat bilen sazlaşmalydyr. Olaryň daşky we içki bezelişinde, otaglarynda milli nagyşlary giňden ulanmak gerek, munuň özi binalara aýratyn öwüşgin çaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Magtymguly ýadygärliginiň taslamasy bilen tanşyp hem-de oňa belliklerini aýdyp, türkmen halkynyň beýik oglunyň keşbini ebedileşdirýän ýadygärligiň ajaýyp dag gerşinde gurulmagynyň özboluşly manysynyň bardygyny belledi. Ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny we watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna girdi.

Bu gün, täze taryhy döwürde Magtymgulynyň öçmez-ýitmez goşgulary Garaşsyzlygyň, halk bitewüliginiň, ene topragymyzda parahatçylygyň we agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň wasp eden öçmejek ynsanperwer gymmatlyklary asyrlar geçse-de, Türkmenistanda we dünýäniň beýleki ýurtlarynda ýaşaýan hoşniýetli adamlaryň hemmesine ýakyn we düşnükli bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýadygärligiň oturdyljak ýerinde köpçülikleýin medeni çäreleri, şol sanda döredijilik duşuşyklaryny, şygryýet agşamlaryny guramak üçin zerur bolan şertleri döretmek bilen bagly bolan ähli meseleleri öwrenmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz täze Hökümet münberiniň taslamasyna hem birnäçe düzedişleri girizdi, hususan-da, ony bezemek we ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak bilen bagly tabşyryklary berdi.

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, ilaty, ozaly bilen ýaşlary olara çekmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle taslamalary düýpli işlemegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Biziň maksadymyz türgenleri we tälimçileri hemmetaraplaýyn taýýarlamak, olaryň ussatlygyny kämilleşdirmek, bu ulgamyň beýleki hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, abraýly halkara ýaryşlarda Watanymyzyň sport abraýyny mynasyp goramaga ukyply täze, ýaş, zehinli türgenleri ýüze çykarmak we goldamak üçin amatly şertleri üpjün etmek bolup durýar diýip, milli Liderimiz hödürlenen taslamalar babatda degişli maslahatlary berdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti sport ulgamyna degişli taslamalar babatda belliklerini aýtdy.

“Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň hem-de “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhananyň gurluşygy barada aýdylanda, döwlet Baştutanymyz gadym döwürlerde we häzirki wagtda çäginden möhüm halkara ýollar geçýän ýurdumyzyň geografik ýerleşişi, Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän daşary syýasat ugry daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň okgunly ösmegini hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň sanynyň artmagyny şertlendirýär diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, myhmanhana işewürliginiň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmak maksadynda bu ulgama iň gowy tejribäni we öňdebaryjy işleri çekmek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynda şypahananyň, Halkara ýanyk şikeslerini bejeriş merkeziniň, şeýle hem paýtagtymyzyň Büzmeýin etrabynda ýaşaýyş toplumynyň hem-de Aşgabady gurmagyň 16-njy tapgyrynyň taslamalaryna ünsi çekip, durmuş maksatly desgalaryň gurulmagyna örän jogapkärli çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Olar halkymyzyň bähbidine hyzmat edip, türkmenistanlylaryň ýokary durmuş ölçeglerini üpjün etmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, adam hakynda hemmetaraplaýyn alada etmek, adamlaryň oňaýly ýaşamagy we dynç almagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döretmek, olaryň saglygyny goramak ileri tutulýan ugur bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz täze söwda-dynç alyş merkezleriniň gurluşygy barada durup geçmek bilen, olary gurmak meselelerine oýlanyşykly çemeleşmegi, şol sanda bu ýere gelýänleriň medeniýetli dynç almagy üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Milli Liderimiz Okuw merkezini gurmagyň taslamasyny amala aşyrmak babatda hem degişli görkezmeleri berdi. Onda öňdebaryjy usulyýetleriň hem-de tälim beriji tehnologiýalaryň esasynda ýurdumyzyň esasy “howa derwezesi” — döwrebap desgalar toplumyny öz içine alýan Aşgabadyň Halkara howa menzili üçin hünärmenler taýýarlanylar. Onuň 2016-njy ýylyň sentýabrynda açylmagy ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli döwrebaplaşdyrmakda we berkitmekde möhüm ädim boldy, şonuň bilen birlikde, ýokary hünärli işgärlere bolan isleg artdy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Okuw merkezini täze enjamlar bilen üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary umumylaşdyryp, işleriň ýokary hilli bolmagynyň hem-de gözellik we ekologiýa babatda, desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegini hem goşmak bilen, bu işleri alyp barmaga toplumlaýyn çemeleşmegiň potratçylara hem-de täze gurluşyklary buýrujylara bildirilýän esasy hem-de hökmany talap bolup durýandygyny ýene-de bir gezek nygtady.

Hormatly Prezidentimiz gurluşygy alyp barmaga degişli bäsleşikleri geçirmegi tabşyryp, taslamalary işläp taýýarlanlaryň awtorlyk hukugyny goramak maksady bilen, şol taslamalara hökmany ygtyýarnamanyň wajypdygyny görkezdi.

Häzir biziň gurluşyk senagatymyz uly kuwwata eýedir. Şol kuwwaty täze taslamalary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň önüm öndürijilerini, zerur ýagdaýynda bolsa daşary ýurt maýa goýumlaryny hem çekmek arkaly doly derejede peýdalanmaly. Desgalar gurlanda esasy ýagdaýlaryň ählisini, şol sanda ýurdumyzyň howa şertlerini göz öňünde tutup, diňe saýlanyp alnan ýokary hilli serişdeleri ulanmak gerek diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwletimiziň ykdysadyýetimiziň hususy böleginiň goldanylmagyna hem-de ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini, işewürligiň wekilleriniň häzirki wagtda dürli pudaklarda, hususan-da, gurluşyk işewürliginde üstünlikli işleýändiklerini belläp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy A.Dadaýewe birleşmäniň agzalarynyň ýurdumyzda geçirilýän täze desgalary bina etmek boýunça bäsleşiklere işjeň gatnaşmaklaryna degişli tabşyryk berdi.

Döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş çäresini jemlemek bilen, hökümet agzalaryna, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna, şeýle hem Aşgabat şäheriniň häkimine paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmek, jemagat hojalygy gulluklarynyň sazlaşykly işlemegini, paýtagtymyzyň durmuş üpjünçilik ulgamlarynyň — ulag we aragatnaşyk, elektrik, suw, gaz üpjünçilik ulgamlarynyň bökdençsiz we takyk işlemegini üpjün etmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adamlar üçin amatly şertleri döretmek bilen, päk ýürekden, geljegi nazarlap, binalary ygtybarly we owadan gurmagyň baş talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu ýere ýygnananlara öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.