BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belledi.

Türkmenistanyň häzirki döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Belarus Respublikasynyň Prezidentine ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko, öz gezeginde, milli Liderimizi Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu jemgyýetçilik-syýasy wakanyň dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredendigini we häzirki zaman türkmen jemgyýetinde demokratiýanyň dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasydygyny belledi.

Häzirki döwlet Baştutanymyz gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin belarus kärdeşine minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek we pugtalandyrmak boýunça köp ýyllaryň dowamynda bilelikde işleriň alnyp barlandygyny nygtap, ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ilerlediljekdigine ynam bildirdi.

Milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür we ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berdi.

Prezident Aleksandr Lukaşenko Türkmenistanyň saýlanan Baştutanyny saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen mähirli gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň häzirki Baştutanynyň Belarus Respublikasy bilen köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen syýasy ugruny dowam etjekdigini belledi. Taryhyň dowamynda Belarus bilen dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýuldy. Bu gatnaşyklar halklarymyzyň we ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, ýurdumyzyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Prezident Aleksandr Lukaşenko ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekde hem özara bähbitlilik hem-de deňhukuklylyk esasynda giňeldiljekdigine berk ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny, türkmen we belarus halklaryna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdiler.