AŞGABATDA ALTYNJY HAZAR SAMMITI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklygynda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Aşgabat duşuşygy kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynda guraldy. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de iri halkara çäreleri guramak üçin ähli şertler döredildi.

Sammite gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin türkmen paýtagtyna geldiler.

Sammitiň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Arkadag” myhmanhanasynyň eýwanynda belent mertebeli myhmanlaryň her biri bilen mähirli salamlaşdy.

Aşgabat sammitiniň resmi nyşanynyň öňünde däp bolan bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, oňa gatnaşyjylar kiçi mejlisler otagyna barýarlar, şol ýerde gysga düzümdäki ýokary derejeli bäştaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň Baştutanlaryny mübärekläp, sammite gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin hemmelere minnetdarlyk bildirdi hem-de şu derejede Aşgabatda geçirilen birinji duşuşykdan bäri ýigrimi ýylyň geçendigini belledi.

Soňra altynjy Hazar sammiti uly mejlisler zalynda giňişleýin düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentlerini Türkmenistanda ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp hem-de Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň altynjy duşuşygyna gatnaşmaga çakylygy kabul edendikleri üçin minnetdarlyk bildirip, biziň ýurdumyzyň muny Hazarda maksatlarymyzyň umumydygynyň, ysnyşykly hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygynyň tassyknamasy hökmünde kabul edýändigini belledi.

Hazar sebitinde ygtybarly, uzak möhletli howpsuzlygy üpjün etmek möhüm we şol bir wagtyň özünde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünliginiň esasy şerti bolup durýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Biz bilelikde Hazar sebitiniň parahatçylyk we ösüş hem-de ynanyşmak zolagy bolmagynda galmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri çykyş etdiler.

Döwlet Baştutanymyz duşuşygy jemläp, daşary ýurtly kärdeşlerine, ähli wekiliýetlere iş ýüzünde anyk netijeleri gazanmaga çalyşýandyklary hem-de sammitiň barşynda beýan eden gymmatly pikirleri we teklipleri üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Altynjy Hazar sammitiniň jemleri boýunça degişli Beýanat kabul edildi.

Ýokary derejedäki bäştaraplaýyn Aşgabat duşuşygynyň netijeleri köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenmede beýan edildi. Bu ýüzlenme bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow çykyş etdi.

Bellenilişi ýaly, ýaňyja öz işini tamamlan Hazarýaka döwletleriň altynjy sammiti netijeli, işjeň ýagdaýda, hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak, hormat goýmak we açyklyk ruhunda geçdi. Bäş ýurduň Liderleriniň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça jikme-jik we gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Ozal kabul edilen çözgütleriň we ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişi seljerildi, geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.

 Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň Hazar sebitinde pugta parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Hazarda ynanyşmak çärelerini durmuşa geçirmek üçin tagallalary we mümkinçilikleri birleşdirmäge, munuň üçin toplumlaýyn syýasy-hukuk binýadyny döretmäge taýýardyklaryny we berk ygrarlydyklaryny tassyklandyklary nygtaldy.

Habar berlişi ýaly, duşuşygyň barşynda Hazar deňzinde ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine uly üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmegiň yzygiderliligi kanagatlanma bilen bellenildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan Hazarýaka döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen anyk teklipler we başlangyçlar beýan edildi.

Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň hormatyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan resmi kabul edişlik guraldy.

Altynjy Hazar sammitiniň maksatnamasynda göz öňünde tutulan çäreler tamamlanandan soň, belent mertebeli myhmanlar türkmen paýtagtyndan ugradylar.