TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
MALAÝZIÝA - KUALA LUMPUR
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGYNYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ýyllyk jemleýji maslahaty geçirildi, oňa sebitiň ýurtlarynyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň degişli düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar bu guramanyň 2022-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerini jemlediler, şeýle hem dialogy giňeltmegiň mümkinçiliklerini hem-de 2023-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Dialogyň şu gezekki maslahatynyň...
BÄŞINJI MERKEZI AZIÝA BILERMENLER FORUMY
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa sebitinde howanyň üýtgemegi, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary bilen baglanyşykly meseleler boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary” ady bilen, bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler maslahaty geçirildi. Forumy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi BMG-niň Merkezi Aziýa...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Kubanyçbek Ömüraliýewi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki zamanyň wajyp meselelerine bagyşlanylan “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bi...
ВСТРЕЧА В МИД ТУРКМЕНИСТАНА С НОВОНАЗНАЧЕННЫМ ПОСЛОМ ИТАЛИИ
9 декабря 2022 года во внешнеполитическом ведомcтве Туркменистана состоялась встреча заместителя министра иностранных дел Туркменистана Вепа Хаджиева с новоназначенным Чрезвычайным и Полномочным Послом Италии в Туркменистане Луиджи Феррари. Поздравив Посла с назначением, В.Хаджиев пожелал ему плодотворной работы, успехов в дипломатической деятельности. Выразив благодарность за наилучшие пожелания, Посол Ферарри заверил, что приложит все усилия для дальнейшего упрочения отношений между двум...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KATAR DÖWLETINIŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň täze belenilen Katar Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Katar Döwletiniň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. B.Mätiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlikleri arzu...
DAŞARY ÝURTLARYŇ WEZIPÄ TÄZE BELLENEN ILÇILERINDEN YNANÇ HATLARY KABUL EDILDI
2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Wengriýanyň, Latwiýa Respublikasynyň, Gresiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçilerinden ynanç hatlaryny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan Ilçileri ýurdumyzda diplomatik işine girişmegi bilen gutlap, dostlukly gatnaşyklary we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işlerinde üstünlikleri arzuw e...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISINDÄKI ÇYKYŞY
Hormatly mejlise gatnaşyjylar! Ýene-de birnäçe günden biz uly baýramy - Halkara Bitaraplyk gününi belläp geçeris. Men sizi we siziň üstüňiz bilen ähli halkymyzy Türkmenistanyň Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize we mähriban halkyma berk jan saglyk, abadan, bagtyýar durmuş hem-de uly üstünlikleri arzuw edýärin. Hormatly watandaşlar! Geçen ýyl Türkmenistan «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly başlangyç bilen çykyş etdi hem-de ony Birleşen Milletler Guramasynda...