Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäheriniň Häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngah bilen duşuşyk

2023-nji 23-nji martynda Malaýziýanyň Kuala Lumpur şäheriniň häkimliginiň (Dewan Bandaraya Kuala Lumpur, DBKL) edara binasynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Kuala Lumpur şäheriniň Häkimi Datuk Seri Mahadi Çe Ngahyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda, «akylly» şäher konsepsiýasyndan ugur alnyp, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheri barada Kuala Lumpur şäheriniň Häkimini we häkimligiň wekillerini giňişleýin tanyşdyrdy we degişli şekiller we maglumatlar bilen malaý tarapy üpjün edildi. Arkadag şäherinde gurulýan desgalarda ekologiýa taýdan arassa serişdeleriň ulanylýandygy, şeýle hem «akylly» öýleriň hyzmatlaryny uzakdan ulanmaga mümkinçilik berýän häzirki zaman innowasiýa tehnologiýasynyň ornaşdyrylýandygy we ulag pudagynda «akylly» ulgamlary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalaryň işlenip düzülendigi aýratyn bellendi.
Malaý tarapy Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezi bolan Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyşy üçin minnetdarlyk bildirip, Arkadag şäherindäki infrastrukturalaryň halkara standartlarda ýokary hilde bolmagyna, maglumat tehnologiýalarynyň giňden ulanylýandygyna we daşky gurşawyň goragynyň göz öňünde tutulyp gurulýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem şähergurluşyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda ýurtlarymyzyň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirildi.