TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ ORUNBASARY, BMG-NIŇ AZIÝA WE ÝUWAŞ UMMANY SEBITLERI BOÝUNÇA YKDYSADY WE DURMUŞ KOMISSIÝASYNYŇ (UNESCAP) ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY

photo

2023-nji ýylyň 31-nji martynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynda (UNESCAP) Türkmenistanyň hemişelik wekili M.Maşalow BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-ň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbana bilen duşuşdy. Söhbetdeşligiň başynda hanym Armida Türkmenistanyň Aziýa we Ýuwaş Ummany sebiti üçin Durnukly ösüş boýunça 10-njy forumynyň işine gatnaşandygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi we guramanyň Türkmenistan bilen ýakyndan işleşýändigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi UNESCAP-yň dowamly goldawyny belläp we şu ýylyň maý aýynda geçiriljek UNESCAP-ň 79 mejlisinde kabul edilmäge meýilleşdirilýän Türkmenistan tarapyndan hödürlenen Aral deňzi boýunça rezolýusiýanyň kabul edilmegi boýunça gurama tarapyndan berilýän goldawa öz minnetdarlygyny bildirdi.

Soňra türkmen tarapy täze Arkadag şäherini gysgaça tanyşdyrdy.

Tanyşdyryş dabarasynda Ahal welaýatynda täze dolandyryş merkeziniň gysga wagtda gurulmagy, döwlet binýadyny berkitmäge, milli ykdysadyýetiň güýjüni ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň mysalydygy bellenildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda, duşuşygyň guralmagyna minnetdarlyk bildirip, Ilçi BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, UNESCAP-yň Ýerine ýetiriji sekretary hanym Armida Salsiah Alisjahbanany täze Arkadag şäheriniň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Türkmenistana çagyrdy.