KUALA-LUMPURDA TÜRKMEN-MALAÝ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2016-njy ýylyň 19-njy aprelinde Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Malaýziýada syýasy geňeşmeleri geçirdi. Malaý tarapynyň wekilýetine Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň baş sekretary Datuk Othman Haşim ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşikleriň dowamynda esasy üns Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň ikinji ýarymynda Malaýziýa boljak resmi saparyna taýýarlyk meselelerine berildi. Şeýle hem, taraplar geljekde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky özaragatnaşyklaryny ösdürmegiň zerurlygy barada aýdyp, abraýly halkara guramalarynyň çarçuwasynda hyzmatdaşlygyň meselelerine degişlilikde oňyn gatnaşyklary dowam etmegiň ähmiýetini bellediler.

Geňeşmeleriň dowamynda, taraplar syýasy, ykdysady-söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarynda, şeýle hem, energetika, ulag, bilim, syýahatçylyk we sport ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň giň sanawyna seretdiler.

Taraplar syýasy geňeşmeleriň netijeleri bilen hoşallygyny beýan etdiler we daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky gepleşikleri geljekde işjeňleşdirmegiň zerurlygyny beýan etdiler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Malaýziýa bolan saparyň çäklerinde Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Sri Anifah Aman tarapyndan kabul edildi.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Kuala-Lumpurdaky Ilçihanasynyň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň Malaýziýada okaýan türkmen talyplary bilen duşuşygy gurnaldy.