UNESCAP-yň 80-NJI MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 22-nji aprelinde Bangkok şäherinde BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň (UNESCAP) 80-nji mejlisi öz işine başlady.

"Durnukly ösüş üçin Aziýa we Ýuwaş ummany sebitinde sanly innowasiýalary ulanmak" mowzugy bilen geçirilýän bu mejlis sanly innowasiýa boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mümkinçilikleri döreder.

Durnukly ösüş üçin sebitleýin hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, bu mejlisiň işine Aziýa we Ýuwaş umman sebitiniň hökümet ýolbaşçylary, hususan-da Taýland we Kamboja Patyşalyklarynyň Premýer-ministrleri, Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri we Premýer-ministriniň orunbasary we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplar gatnaşýar.

Şeýle hem mejlise Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we Durmuş Komissiýasynyň mejlisi 2024-nji ýylyň 26-njy apreline çenli dowam eder.