TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ MALAÝA UNIWERSITETINIŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur şäheri) Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Malaýa uniwersitetiniň Prezidenti Professor Dato’ Seri Ir. Dr. Noor Azuan Bin Abu Osmanyň arasynda duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar bilim, ylym we medeniýet pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmek, şeýle hem iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda gatnaşyklary giňeltmek we tejribe alyşmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda, Tükmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi hem-de beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Malaýa uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligene bagyşlanyp edebi burçyň açylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy.