TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISINIŇ MALAÝZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ GÜNORTA WE MERKEZI AZIÝA BÖLÜMINIŇ BAŞLYGY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow bilen Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Günorta we Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy hanym Dr. Şazelina Zaýnul Abidiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda ikitaraplaýyn türkmen-malaý gatnaşyklarynyň depginini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen 2024-nji ýylyň dowamynda bilelikde durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýän meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Şeýle hem, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda ýokary derejeli saparlary amala aşyrylmagyň möhümdigi bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda, 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän çäreleriň ähmiýeti barada nygtaldy.