TÜRKMENISTANYŇ MALAÝZIÝADAKY ILÇISI MALAÝZIÝANYŇ GORANMAK MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2024-nji ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow Malaýziýanyň Goranmak Ministri Dato Seri Mohamed Haled Nordin bilen duşuşdy.
Duşuşyň barşynda, Ilçi hem-de Malaýziýanyň Goranmak ministri uly mümkinçiliklere eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alyşdylar.
Duşuşygyň dowamynda, Ilçi Malaýziýanyň Türkmenistan üçin ýakyn dost-doganlyk döwlet bolup durýandygyny, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýedigini belledi. Şeýle hem, Bitarap Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina esasynda parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek boýunça toplumlaýyn işleri amala aşyrýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda Ilçi we Malaýziýanyň Goranmak ministri iki dost-doganlyk ýurduň we sebitiň abadançylygynyň, parahatçylygynyň bähbidine däp bolan dostlukly döwletara hyzmatdaşlygyň geljekde-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.