Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň Ilçihanasy tarapyndan futbol boýunça dostluk duşuşygy geçirildi

img
img
img
img
img
img

2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Kuala-Lumpur şäherinde Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasynyň guramagynda 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli sportuň futbol görnüşi boýunça dostluk duşuşygy geçirildi.

Çärä Malaýziýanyň Parlamentiniň agzalary, Malaýziýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dostluk duşuşygynyň dowamynda Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi M.Maşalow, Malaýziýanyň Parlamentiniň deputatlary we ýurtda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary çykyş etdiler.

Ilçi M.Maşalow öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny mynasyp derejede geçirmek boýunça anyk işleri hem-de çäreleri amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynyň ähmiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek halkara forumyna aýratyn üns çekildi.

Sport çäresine gatnaşyjylar çykyşlarynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen işleriniň ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtadylar.

Malaýziýanyň Parlamentiniň deputatlary bilen Malaýziýada ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen futbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy diplomatik işgärleriň 5:3 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Dostluk duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylara Ilçihana tarapyndan ýylyň nyşany şekillendirilen ýörite sport eşikleri sowgat berildi we türkmen milli tagamlary hödür edildi.