Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “EKSPO–2025” sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

photo

2025-nji ýylyň 14-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO–2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

Ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň merkezi girelgesiniň öňüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ýaponiýanyň “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka, “EKSPO – 2025” Bütindünýä sergisiniň Baş komissary Haneda Koji, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki mähirli garşyladylar.

Binanyň foýesinde döwlet Baştutanymyz “EKSPO–2025” Bütindünýä sergisiniň Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň “EKSPO–2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri dabaranyň geçirilýän ýerine – “Milli günler” binasyna barýarlar.

Bu ýerde Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar, iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylýar.

Ýaponiýanyň “EKSPO–2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka dabarany açyp, Türkmenistanyň Milli gününiň dabarasynyň geçirilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň Hökümetiniň adyndan gutlaglaryny beýan etdi hem-de serginiň ilkinji Milli gününi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistan bilen bilelikde bellemegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

“Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler” diýip, Ito Ýoşitaka nygtady hem-de Ýaponiýanyň we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen adamlaryň Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görjekdiklerine hem-de ýurdumyzyň özüne çekijiligi baradaky maglumatlar bilen giňden tanyşjakdyklaryna ynam bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär.

Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary “EKSPO–2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.

Häzirki Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär. Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň esasyny düzmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmegiň ýurdumyz üçin uly hormatdygyny, şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň milli sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň resmi adamlary Türkmenistanyň milli pawilýonyna bardylar. Pawilýonyň öňünde medeniýet we sungat ussatlary çykyş edýärler.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz milli pawilýonyň toý bagyny kesýär.

Türkmenistanyň Prezidenti we Ýaponiýanyň resmi adamlary binanyň içine geçýärler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara pawilýon barada giňişleýin maglumat berilýär. Pawilýon üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly ýerleşýär.

Bölümde täze tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň giňden ulanylmagy ösüşiň, rowaçlygyň ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni kuwwaty, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, geljegi barada aýdyň düşünje we doly maglumat almaga mümkinçilik berýär.

Pawilýon bilen tanyşlyk ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etmek bilen başlanýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we dostlukly ýurduň wekilleri ikinji gata barýarlar we ol ýerde Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi eksponatlary bilen tanyşýarlar.

Ýurdumyzyň milli pawilýony bilen tanyşlygyň dowamynda Ýaponiýanyň wekilleri Türkmenistanyň dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändiklerini bellediler.

Türkmenistanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň milli pawilýonyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy pawilýonyň ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar hem-de bu desga barada umumy maglumat berýärler.

Ýaponiýanyň pawilýony üç bölümden ybarat bolup, “Geçmiş” atly birinji bölümde Ýaponiýanyň medeniýeti we däp-dessurlary, durmuş filosofiýasy bilen tanyşdyrylýar. “Häzirki döwür” diýlip atlandyrylýan ikinji bölümde Ýaponiýanyň tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ulag we energetika ulgamlarynda gazanan üstünlikleri beýan edilýär. “Geljek” atly üçünji bölümde bolsa emeli aň, robototehnika ýaly geljegiň tehnologiýalary bilen tanyşdyrylýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti bu ýerde ýaşaýyş-durmuş şertlerinde sirkulýasiýanyň, şol sanda galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan sergi eksponatlary bilen tanyşdyrylýar.

Ýaponiýanyň milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti pawilýonyň ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Osakanyň Kansai Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Tokio şäherine ugrady. Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Tokionyň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar mähirli garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.