Tokioda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 15-nji aprelinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň arasynda ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Dostlukly ýurduň Hökümet Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini hem-de ýurdumyzyň wekiliýet agzalaryny ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu gezekki saparyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa ilkinji saparydygyny belledi we çakylygy kabul edip, Ýaponiýa gelendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdi.

Şeýle-de Premýer-ministr Sigeru Isiba döwlet Baştutanymyzy “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen gutlap, bu waka mynasybetli geçirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini belledi.

Premýer-ministr hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek berkidilen Türkmenistanyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryna Ýaponiýada ýokary baha berilýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz öz adyndan, şeýle hem Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan mähirli garşylandyklary we myhmansöýerlik üçin ýapon tarapyna minnetdarlyk bildirip, Premýer-ministr Sigeru Isiba türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

 Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň Premýer-ministrini Osakada “EKSPO - 2025” Bütindünýä sergisiniň dabaraly açylmagy bilen gutlady we bu serginiň innowasiýalaryň, medeniýetleri özara alyşmagyň, ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli we dostlukly dialog ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň esasy şertidir. Döwlet Baştutanymyz ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň özara gatnaşyklary ösdürmäge uly itergi berýändigini aýdyp, şu günki duşuşygyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga gowy mümkinçilik berjekdigini belledi we bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi.

Türkmenistan we Ýaponiýa ähli ugurlar boýunça üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň arasynda işjeň syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady gatnaşyklar ösdürilýär. Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk dowam etdirilýär, şeýle hem parlamentara gatnaşyklara uly ähmiýet berilýär.

Ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde-de işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Munuň özi dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagynda aýdyň görünýär.

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn formatda, hususan-da, «Merkezi Aziýa — Ýaponiýa» dialogynyň çäklerinde-de üstünlikli ösdürilýär. Bu dialog köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşi bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, esasy ugurlara ünsi çekdi.

Birinji ugur — syýasy-diplomatik ulgamdaky özara gatnaşyklar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň türkmen-ýapon syýasy dialogyny mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi.

Ikinji ugur söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekdir. Häzirki wagta çenli Türkmenistanda ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy üçünji esasy ugur hökmünde görkezdi.

 Ýaponiýanyň ilçihanasynyň guramagynda Aşgabatda Ýapon kinosynyň günleri, Ikebananyň we ýapon aşhanasynyň tanyşdyrylyşy ýaly dürli medeni çäreler yzygiderli geçirilýär.

2024-nji ýylda Aşgabatda açylan «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynda ýapon ýazyjysy Ýasunari Kawabatanyň heýkeli oturdyldy.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanda ýapon dilini öwrenmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw we orta mekdeplerinde ýapon dili öwredilýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Parlamentara gatnaşyklar hem Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini, 12-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň bolsa ýylyň esasy wakasy boljakdygyny aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Premýer-ministr Sigeru Isibany bu forumyň işine gatnaşmaga çagyrdy.

Çykyşynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini ýene-de bir gezek belledi.