Kuala Lumpur şäheriniň häkimi bilen duşuşyk

13-nji maýda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow Kuala-Lumpur şäheriniň häkimi hanym Dato Seri (d-r) Maýmuna binti Mohd Şarif bilen duşuşyk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda taraplar ýangyç-energetika toplumyny, ylym, bilim we ulag pudaklaryny öz içine alýan dürli ugurlarda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýeti Arkadag şäherinde amala aşyrylýan «akylly» şäher konsepsiýasy bilen Malaýziýanyň wekillerini jikme-jik tanyşdyrdy. Bu ýerde ekologiýa taýdan arassa materiallar ulanylýar we «akylly öý» ulgamlary we intellektual ulag çözgütleri ýaly häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylýar.
Duşuşygyň netijesi boýunça Türkmenistanyň ilçisi Kuala-Lumpuryň häkiminiň baştutanlygyndaky wekiliýeti özleri üçin amatly wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Türkmen tarapy şeýle hem iki ýurduň hökümetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnamany işläp taýýarlamagy teklip etdi.
Malaýziýa tarapy Arkadag şäheriniň infrastrukturasynyň ýokary hiline, halkara standartlaryna laýyklygyna we taslamanyň ekologiýa gönükdirilenligine ýokary baha berdi. Malaýziýanyň wekilleri şäher gurluşygy babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bu ugurda iki ýurduň arasynda tejribe alyşmaga gyzyklanma bildirdiler.
Taraplar Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ýola goýlan dostlukly we doganlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellediler we olary özara bähbitli we uzak möhletli esasda mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny mälim etdiler.