Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 29-njy iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Russiýanyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysy türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen mähirli gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi. Walentina Matwiýenko Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň rus-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmekde bitirýän hyzmatlarynyň ähmiýetini belläp, Prezident Wladimir Putiniň türkmen halkynyň Milli Liderine we Prezident Serdar Berdimuhamedowa salamyny we rowaçlyk, abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň ozaldan gelýän hakyky dosty hökmünde döwletara dialogy pugtalandyrmaga goşýan uly goşandyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýedir. Bu gatnaşyklar berk dostluk, özara hormat goýmak däplerine esaslanyp, ähli ugurlar boýunça netijeli duşuşyklar we gepleşikler arkaly ösdürilýär.
Söhbetdeşleriň umumy pikirine görä, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk, netijeli, dostlukly dialog türkmen-rus hyzmatdaşlygyny ösdürmäge ýardam berýär.
Häzirki wagtda ýurtlarymyzyň arasynda syýasy dialog, şol sanda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ugry boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Parlamentara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Mundan başga-da, söwda-ykdysady gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, medeniýet, ylym, ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar.
Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler netijeli döwletara gatnaşyklary iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko birek-birege berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler.