Fizuli şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna metjit gurular

img
img
img
img

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 8-nji oktýabryynda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammiti tamamlanandan soňra, wekiliýet Baştutanlary sanly ulgam arkaly Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde Fizuli şäherinde guruljak metjidiň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdylar.

Prezident Ilham Aliýew Türkmenistan tarapyndan Azerbaýjana sowgat hökmünde metjidiň gurulýandygy üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi. Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, bu günüň taryhy wakadygyny, halkymyzda ýol gurmagyň, köpri gurmagyň, metjit gurmagyň sogap iş hasaplanýandygyny belledi.

“Bu ýerde ediljek doga-dilegler Beýik Biribaryň dergähinde kabul bolsun!” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi.

Soňra metjidiň düýbüniň tutuljak ýerinden sanly ulgam arkaly iki ýurduň müftülerine söz berildi. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň müftüleri Gurhandan aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdiler.

Soňra wekiliýet Baştutanlarynyň ählisi bir wagtda ekrana basmak arkaly metjidiň gurluşygyna badalga berdiler. Şol pursatda dabaraly el çarpyşmalar astynda metjidiň binýadyna ýadygärlik ýazgy goýlan guty goýberildi hem-de beton garyndysy guýulmaga başlandy.

Dabaranyň dowamynda metjit barada taýýarlanan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň görkezmesi boýunça bu metjit Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bina ediler.