Türkmenistanda Latwiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi işe başlady
2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen döwlet Baştutanymyzyň adyndan gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Latwiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň Prezident Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribesini we bilimini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda diplomat Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.