El hünäriniň bazary

“Bagtyýarlyk” söwda merkezinde nobatdaky art-bazar boldy. Günüň ikinji ýarymynda merkeziň atrium usulynda gurlan üçünji gatyna gelýänleriň sany barha artýardy, bu ýerde üýtgeşik zatlaryň söwdasy gyzgalaňly gidýärdi. Ýarmarkanyň esasy aýratynlygy – satlyga çykarylan zatlaryň ählisi adamlaryň öz eli bilen ýasalypdyr. Tekjelerde goýlan dürli-dürli zatlary göreniňde çeper elleriň hünärine: “Aperin!” –diýeniňi duýman galýarsyň. 

Ýarmarka köp adam ýygnandy, ýöne harytlaram az däldi. Bu ýerde alyjy-satyjy arasyndaky çekeleşikli söwda bolmady-da, pikireşleriň özara söhbetdeşligi höküm sürdi. Şu günki gelenleriň aglabasy zenanlardy. Eneleriň ýanynda, elbetde, çagalaram bardy, olaram özüne ýaran oýunjagy alyp bermegini soraýardylar. Daýza, ýene şunyň ýaly kirpijigiň ýokmudy? – ýaňy satylan oýunjagy gören gyz çeper elli satyjydan sorady. 

Wah, ýok-da. Olaryň ählijesini ýekejeden ýasadym-da - diýip ol jogap berdi. 

“Belki, indiki bazara çenli meniň üçinem şoň ýaljak kirpijek ýasarsyňyz” – diýip gyz ondan haýyş etdi. Men oňa gowy düşünýärin, sebäbi özümem şeýle gelşiklije zady höwes bilen alardym. 

Art-ýarmarkada örülen oýunjaklara isleg hasam uludy. Şol üýtgeşik gurjaklardyr uzyn aýaklyja we salpy gulaklyja, göz ýerine monjuk goýlan oýunjaklary çagaňa alyp berseň, ol maşgalada eý görülýän zat bolup galjak. Joram şeýle gurjagy ejesinden ýadygärlik hökmünde saklap ýör. Ejesi dünýeden gaýdan bolsa-da, ýumşakdan mymyk mata gurjakda häli-häzirem ene mähri duýulýan borly. Bahasy arzan bolsa-da, şeýle oýunjagyň gadyr-gymmaty aýratyn bolýar. 

Çäýnekdäki çaýy ýyly saklaýan mata gurjak ýylgyryp duran garry mama şekilinde ýasalypdyr. Ol, hamala, sizi bagryna basjak ýaly mata ellerini gerip otyr welin, oňa gözüň düşenden ýylgyrman durup bilmeýärsiň. 

Art-bazarda milli äheňli zenan ýantorbalary islegli haryt boldy. Olary daşary ýurtly myhmanlaram, gelşikli zada sarpa goýýan ildeş zenanlarymyzam höwes bilen satyn alýardylar. Olaryň käbiri olary iki-ikiden: birini özüne, beýlekisini sowgatlyk alýardylar. 

Zenanlaryň biri üýtgeşik gurama ýorgan gözleýärdi, ony geçen art-bazarda alman eken. Bu gezegem oňa gözi düşmedi, belki, ol eýýäm satylan borly. Ýöne şonda-da ol ruhdan düşmän, ýene söwda hatarlaryna aýlanyp ugrady. 

Bižuteriýa önümleriniň her dürlüsi bardy. Adatça olaryň töweregine ýaşlar üýşýärdi, olar elde ýasalan bagjygy deriden örülen agaç kulonlara, monjuklara, bileziklere we gulakysyrgalara içgin seredýärdiler, häzir salkym şekil ysyrgalar ýoň bolupdyr. Olaryň gapdalynda bagt-agajy, rysgal-agajy ýaly tumarlar, bolçulykdyr maşgala agzybirliginiň nyşany toýun we bürünç heýkeljikler bardy. 

Bu ýerde saýlama çeper harytlar – ussat nakgaşlaryň suratlary-da bardy. Aşgabatlylaryň köpüsi bahasy gymmat bolmadyk gowy surat edinmegiň arzuwynda. Art-bazarda şeýle mümkinçilik hasam artýar. Nakgaşlaryň öňünde nusga bolup dursaň, öz ýygnan suratlaryň üstüni galamda çekilen surat bilen dolsa boljak.