Türkmenistanyň Malaýziýadaky Ilçihanasy Petaling Jaýa şäher häkimligi tarapyndan geçirilen halkara medeniýet çäresine gatnaşdy

2016-njy ýylyň 27-28-nji awgusty aralygynda Malaýziýanyň Petaling Jaýa (PJ) şäher häkimligi tarapyndan Syýahatçylyk we medeniýet ministrligi bilen bilelikde Petaling Jaýa etrabyna şäher derejesiniň berilmeginiň 10 ýyllyk şanly senesine bagyşlap, şäheriň merkezinde “PJ Ýarmarkasy 2016 – PJ Reňkleri” ady bilen ýerli we daşary ýurtlaryň milli tagamlarynyň, el işleriniň, dokma we haly önümleriniň, şekillendiriş sungatynyň sergileri, moda görkezlişi hem-de agşamky baýramçylyk konserti geçirildi.

Bu medeniýet çärelerine Petaling Jaýa şäheriniň häkiminiň çakylygy boýunça Malaýziýanyň döwlet we hususy edaralary, şeýle hem ýurtda akkreditirlenen Bangladeşiň, Sudanyň, Polşanyň, wengriýanyň we Indoneziýanyň Ilçihanalary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Ilçihanasy hem gatnaşdy.

Agzalan çärede Türkmenistanyň Malaýziýadaky (Kuala-Lumpur ş.) Ilçihanasy ýurduň çäginde okaýan türkmenistanly talyplaryň ýardam bermeginde geçirilen çäreleriň içinden milli el işleriniň we haly önümleriniň sergisine gatnaşdy we öz sergi pawilýonyny Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna we 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýilip yglan edilmegine bagyşlady.

Sergi-ýarmarkasynda türkmen wekilleri çärä gatnaşan malaýziýanyň ýaşaýjylaryna, dürli milletlerden bolan syýahatçylara, Malaýziýada akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylaryna we olaryň wekillerine milli tagamlardan hödür etdiler we sergide goýlan milli nagyşlary, haly önümleri, Türkmenistan we onuň Lideri baradaky kitaplar, žurnallar we suratlar bilen tanyşdyryp, Türkmen halkynyň baý medeni mirasy barada gürrüň berdiler.

Türkmen wekilleriniň öz milliligi bilen tapawutlanýan sergi-ýarmarkasy çärä gatnaşanlarda äýratyn gyzyklanma döredip, özüniň köp adamlylygy bilen tapuwtlanany üçin guramaçylar tarapyndan minnetdarlyga mynasyp boldy.