Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanyndaky dabaralara gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşyp, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäresine gatnaşýan çagalaryň şatlygyny paýlaşdy. 

12 gatly belent ýaşaýyş jaýynyň beýikligindäki uly Täze ýyl daragty örän köp sanly ýaşajyk arçajyklardan ýygnalyp, onuň üsti bilen, ýurdumyza demirgazykdaky Aýazbabadan özüniň günortadaky kärdeşi bolan biziň Aýazbabamyza salam hökmünde tokaý ertekileriniň kalbyňy tolgundyryjy ýakymly ysyny ugratdy. 

Töwerekde tamamlanyp barýan 2018-nji ýylyň hem-de ýetip gelýän 2019-njy ýylyň nyşanlary bolan şekiller, milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen kitabynda beýan edilýän wakalar esasynda taýýarlanan owadan görnüşler, halk ertekileriniň, multfilmleriň gahrymanlarynyň keşpleri hem-de baýramçylyk nyşanlary bilen bezelen köp sanly täze ýyl öwüşginleri ýaýylyp gidýär. Syýahat bolsa bu ýerdäki gurlan geň-enaýy şäherjigiň esasy derwezesinden başlanýar. Şonuň aňyrsynda arçajyklardan emele gelen bagly ýodajyklar peýda bolýar. 

Şu günler bu ýerde adamlar, aýratyn-da, çagalar, şol sanda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen çagalar köp. Okuwlarynda 4 — 5-lik bahalar bilen okaýan okuwçylar, ders bäsleşikleriniň, sport ýaryşlarynyň we döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri hem-de çagalar öýlerinde terbiýelenýänler Baş arçanyň ýanyndaky Täze ýyl dabaralaryna gatnaşmaga çakylyk aldylar. Ine, bu gün hem şu ýere ýygnanan toý lybasynda owadan bezenen çagalar baş gahrymanlary hem-de baýramçylygyň hemişelik hemralary bolan Aýazbaba bilen Garpamygy uly joşgun bilen garşyladylar, soňra bolsa hemmeler agzybirlik bilen köp sanly myhmanlary mübäreklediler. 

Medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gelýär. Milli lybasly iki çaga hormatly Prezidentimize gül desselerini gowşuryp, ruhubelentlik bilen bagtyýar çagalyk üçin hoşallyklaryny we söýgülerini labyzly beýan edýärler. 

Ýaş nesil, olaryň sagdyn ösmegi we terbiýe almagy üçin hemme şertleri döretmek baradaky alada döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Biziň ählimiz milli Liderimiziň çagalarda Watanymyzyň geljegini, ýurdumyzyň ertirki gününi görüp, olara neneňsi atalyk mähri we uly üns bilen garaýandygyny bilýäris. 

Şadyýan çagalar hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baradaky joşgunly goşgulary bilen garşylaýar. Ýurdumyzyň ýaş raýatlarynyň dillerinden döwlet Baştutanymyza gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar belent heňde we tüýs ýürekden ýaňlanýar. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada çagalaryň döredijilik toparlary we ýaşajyk aýdymçylar çykyş edýärler, baýramçylyk mukamlary ýaňlanýar. 

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygyna gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekleýär hem-de çagalar bilen bilelikde Baş arça tarap ugraýar. Aýazbaba hem-de Garpamyk ýaş türkmenistanlylaryň ählisiniň adyndan döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýen şygar astynda geçjek 2019-njy ýyl bilen gutlaýarlar hem-de çagalar, olaryň abadançylygy we saglygy, ruhy taýdan galkynmagy, zehinleriniň we ukyplarynyň ösdürilmegi, dünýä ölçeglerine kybap gelýän ýokary hilli bilim almagy barada ýadawsyz aladalary üçin hoşallyk bildirýärler. 

Soňra ýaş artistleriň — aýdymçylaryň, sazandalaryň we tansçylaryň baýramçylyk çykyşlary ýaýbaňlanýar. Olar öz çykyşlaryny täsirli we egsilmez şatlyk duýgulary, durmuşa söýgi we ruhubelentlik güýjüni berýän ruhda ýerine ýetirdiler. Sahna meýdançasynda öwüşgin saçan “ýyldyzjyklaryň” hatarynda Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynda, paýtagtymyzyň Çagalar we ýetginjekler köşgünde terbiýelenýänler, milli hem-de halkara festiwallaryň we beýlekileriň ýeňijileri bolan meşhur tans toparlarynyň agzalary bar. 

Olar bilelikde Täze ýyl baýramçylygyna gabatlap ýörite çykyşlaryny taýýarladylar. Şol çykyşlaryň maksatnamasyna häzirki zaman türkmen kompozitorlarynyň we şahyrlarynyň aýdymlary, nusgawy eserler we estrada mukamlary, horeografiýa çykyşlary hem-de folklor-etnografiýa sahnalary girizildi. 

Döwlet Baştutanymyz çagalaryň çykyşlaryny kanagatlanma we uly gyzyklanma bilen synlady. Milli Liderimiz öz mümkinçiliklerini amala aşyrmak hem-de durmuşda üstünlik gazanmak üçin hemme mümkinçiliklere eýe bolan zehinli ýaşlaryň ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş we bilim özgertmeleriniň netijelidiginiň iň oňat görkezijisidigini ynamly aýdýar.

Soňra 2018-nji ýylyň nyşany — gelşikli Wepaly diýen alabaýyň hem-de 2019-njy ýylyň tumary — şadyýan ýekegapanjygyň egin-eşigindäki çagalar hemmeleri Baş arçanyň töwereginde gol tutuşyp aýlanmaga çagyrýarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çagalar bilen bilelikde el tutuşyp, jebisligi we nesilleriň dowamatyny alamatlandyrýan däp bolan Täze ýyl dabarasyna gatnaşdy. 

Ýurdumyzda körpeleriň geljekde öz Watany üçin peýdaly bolup biljek akylly we bilimli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen, olaryň bagtyýar çagalygyny üpjün etmek üçin ajaýyp şertler döredildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň nesillerimize şunuň ýaly garaýşynyň netijesinde, ýaş türkmenistanlylar özleriniň döredijilik, akyl-paýhas ukyplaryny işjeň ösdürýärler, sport bilen meşgullanýarlar. Çagalar abraýly bäsleşiklere we ýaryşlara gatnaşyp, daşary ýurtlarda-da ýurdumyza mynasyp wekilçilik edýärler. 

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasyna hem-de BMG-niň başga-da birnäçe möhüm resminamalaryna goşulyp, dünýä jemgyýetçiligine öz üstüne alan ähli borçnamalaryna ygrarlydygyny yzygiderli görkezýär. Ýurdumyzda bina edilen we gurulýan döwrebap, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan mekdepler we mekdebe çenli çagalar edaralary, sport we bedenterbiýe-sagaldyş toplumlary munuň subutnamasydyr. Tebigatyň ajaýyp Gökdere jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýerleşen çagalar sagaldyş merkezleri işjeň dynç almak üçin ajaýyp şertlere eýedir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleriň söýgüli baýramçylygynyň şatlygyny we guwanjyny çagalar bilen paýlaşdy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlarynyň gowşurylmagy çagalarda has-da uly şatlyk döretdi. Çagalaryň haýyşy boýunça hormatly Prezidentimiz ýaş türkmenistanlylar bilen Täze ýyl baýramçylygyndan ýadygärlik hökmünde ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda surata düşdi. 

Döwlet Baştutanymyz çagalara Täze ýylda bagtyýarlyk, gyşky dynç alyş günlerini şadyýan geçirmeklerini, okuwlarynda üstünlikleri, ýüreklerinde beslän arzuwlarynyň hasyl bolmagyny arzuw edip, olaryň ählisiniň iň oňat milli däplerimizi mynasyp dowam etdiriji, ata-babalarymyzyň paýhasly nesihatlaryna eýerijiler hem-de Watanymyzyň hakyky eýeleri bolup ýetişip, Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine öz goşantlaryny goşjakdyklaryna ynam bildirdi. 

Hormatly Prezidentimiz joşgunly döredijilikleri üçin dabara gatnaşyjylaryň ählisine ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, “Älem” medeni-dynç alyş merkezinden Söwda-senagat edarasyna tarap ugrady. Şol ýerde Täze ýyl şüweleňi dowam etdi. 

Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary garşyladylar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň göreldesine eýerip, bu ýere öz çagalary we agtyklary bilen geldiler. Şeýle hem Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dabaralara daşary döwletleriň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary çagalary bilen gatnaşdylar. 

Ýurdumyzyň geljegi häzirki ýaşlara baglydyr, şoňa görä-de, bagtyýar körpeler biziň aýratyn buýsanjymyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýdýar. “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” ýylynyň tamamlanmagynyň öň ýanyndaky häzirki duşuşyk hem döwlet Baştutanymyzyň ösüp gelýän nesillere berýän aýratyn ünsüniň subutnamasydyr. 

Milli Liderimiz özüni joşgunly garşylan çagalar bilen salamlaşyp, olary ýetip gelýän Täze — 2019-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýylyň hemmeler üçin guwançly, bagtyýar we şatlykly bolmagyny arzuw etdi. 

Siz — biziň geljegimiz diýip, hormatly Prezidentimiz çagalara ýüzlenip sözüni dowam etdi. Biz size guwanýarys hem-de siziň oňat bilim alyp, boş wagtyňyzy oňat geçirmegiňiz, sagdyn ösmegiňiz üçin hemme şertleri döredýäris. Iň gowy ähli zatlary biz size — öz çagalarymyza bagyşlaýarys. 

Şoňa görä-de, men siziň Watanyňyza, halkyňyza, mähribanlaryňyza we ýakynlaryňyza wepaly hakyky watançylar bolup ýetişjekdigiňize ynanýaryn diýip, milli Liderimiz aýtdy. 

Söwda-senagat edarasynyň uly zalyndaky çykyşlarda şadyýan owazlar we aýdymlar ýaňlandy, döwlet Baştutanymyz çagalar bilen bilelikde köpdürli owadan çyralar, oýnawaçlar we beýleki bezeg serişdeleridir garjagazlar bilen bezelen arçanyň töweregindäki dabara gatnaşdy. 

Çagalar öwşün atýan arçanyň töwereginde kanagatlanma bilen çykyş edip, öz zehinlerini görkezdiler. Olar watançylyga hem-de öz ýurduna bolan buýsanja ýugrulan şahyrana setirleri labyzly okap berdiler. 

Daşary ýurtly diplomatlaryň çagalary hem dürli dillerde goşgular bilen çykyş etdiler. Milli medeniýetleriň häsiýetli taraplaryny beýan eden ýaş artistleriň aýdym-sazly we tansly çykyşlarynda «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygarynyň many-mazmuny şöhlelendi. 

Täze ýylda ýakymly täsinlikleri sowgat edýän Aýazbaba bilen Garpamyk oýunly, degişmeli we tapmaçaly özboluşly döredijilik bäsleşiginde çagalary zehinlerini we başarnyklaryny paýlaşmaga çagyrdy. Şonda çagalar aýdym aýtdylar, goşgy okadylar we tans etdiler. Iň oňat çagalar aýdym-saz toparlary tomaşaçylara öz sungatlaryny görkezdiler. 

Sirk artistleri baýramçylyga ýygnananlary şadyýan sahna oýunlary we çalasyn emelleri bilen haýran galdyrdylar. Çagalaryň şadyýan ýüzleri bagtyýar gülkülerden nurlanýar, bu nuranalyk bolsa Täze ýyl arçasyndaky älemgoşar öwüşginlerinden hem ýiti şugla saçýar. Sebäbi ol ýürekden gaýdýar. 

Aýdym-saz, tans çykyşlary baýramçylyk konsertiniň öwüşginli çemenini emele getirdi. Joşgunly mukamlar belent ýaňlandy, halk äheňleri yzygiderli ýerine ýetirildi, nusgawy eserleriň täzeden işlenen döwrebap görnüşleri ýaňlandy, tans sazynyň joşgunly ýaňlanýan depginleri hemmeleriň agzybirlik bilen sazyň äheňine görä el çarpmagyna getirdi. Täze ýyl lybaslary bolsa baýramçylyk öwüşginine festiwalyň ajaýyp äheňlerini goşdy. 

Ýaş tansçylar we aýdymçylar tomaşaçylary mylaýymlygy we zehini bilen maýyl etdi, soňlanmajak gülki we mähirli duýgulary sowgat etdi, baýramçylyk ruhuny artdyrdy. Hemmeleri täsinlige bolan ynam birleşdirdi. Şol täsinligi biz arzuw etmek döwri bolan Täze ýyl gijesiniň ýakynlaşyp gelmegi bilen baglanyşdyrýarys. 

Hormatly Prezidentimiz bu ýere ýygnananlaryň ählisini ajaýyp baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek gutlap hem-de hemmelere ýüreklerinde beslän nurana arzuwlarynyň Täze, 2019-njy ýylda hasyl bolmagyny arzuw edip: “Goý, hemişe siziň ajaýyp aýdymlaryňyz ýaňlanyp, bizi begendirip dursun, goý, olar biziň durmuşymyzy bezesin! Bagtyýar ýaşaň, şatlanyň, oňat okaň hem-de özüňiziň edep-ekramyňyz bilen bizi guwandyryň!” diýdi. Soňra hormatly Prezidentimiz çagalar bilen mähirli hoşlaşdy we Söwda-senagat edarasynyň binasyndan çykyp, bu ýerden ugrady. 

Baýramçylyk dabaralary giň gerime eýe bolup, esasy wakanyň ýakynlaşmagyna tarap alyp barýar. Şol wakalaryň joşguny Täze ýyl gijesinde tutuş ýurdumyzy gurşap alyp, her bir öýe we her maşgala dolup, hemmeleri bu nurana we şadyýan dabaralara çekmek bilen, bagtyýar gülküleri, ýakymly sowgatlary we ajaýyp ruhy galkynyşy bolluk bilen bagyş eder. 

Garaşsyz, Bitarap döwletimiz 2019-njy ýyly “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýen şygar bilen garşylaýar. Şol şygarda öz milli Lideri — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen jebis bolan halkymyzyň iň oňat arzuwlary jemlenýär. Diýmek, biziň durmuşymyzyň her bir täze güni ýagşy umytlaryň nuranalygyna, ajaýyp üstünlikleriň şatlygyna beslener, beýik işlerimiz bolsa Watanymyzyň şöhratyny artdyrar, onuň halkara abraýyny pugtalandyrar.